Seýdiniň NGIZ ýanwar-noýabr aýlarynda ýangyjyň önümçiligini artdyrdy

Seýdiniň NGIZ ýanwar-noýabr aýlarynda ýangyjyň önümçiligini artdyrdy

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň zähmetkeşleri 11 aýyň önümçilik meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Geçen döwürde kärhanada 208 müň tonnadan gowrak benzin we 104 müň tonna dizel ýangyjy, şeýle hem 34 müň tonna töweregi wakuum gazoýly, 28 müň tonnadan gowrak ýol bitumy öndürildi.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody — ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň düzümine girýän iri senagat kärhanalarynyň biri. Onuň işlän döwründe kärhanada önümçilik infrastrukturasy düýpli täzelendi, bu bolsa önümçiligiň möçberini artdyrmaga we hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Önümiň önümçiligini artdyrmak üçin zerur şertleri häzirki zaman enjamlaryň ornaşdyrylmagy hem döredýär.

Kärhanada öndürilen nebit önümleriniň aglaba bölegi dünýä ýurtlaryna eksporta iberilýär. Ýakynda SNGIZ-niň önümlerini Özbegistanyň kompaniýalary hem satyn alyp başlady.

Zawodyň hünärmenleri we olaryň maşgalalary üçin şertleriň döredilmegi hem wajyp ýagdaýdyr. Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ähli amatlyklary bolan dört gatly ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi. Bu günki gün Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 2022-nji ýyly ýokary netijeler bilen tamamlamak üçin gaýduwsyz zähmet çekýärler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşirinde habar berilýär.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993