Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy JBIC ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy JBIC ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy

Tokio şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň ýolbaşçysy (JBIC) Nobumitsu Haýaşiniň duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryna hem-de ýapon kompaniýalarynyň Mary şäheriniň ammiak we karbamid öndürýän zawody, Garabogaz şäherinde kükürt kislotasyny öndürýän kärhanasy, Gyýanlyda gazhimiýa toplumlarynyň binasy, Owadandepe tebigy gazdan benzin öndürýän zawody ýaly Türkmenistandaky iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýandyklaryna aýratyn üns berildi.

Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşiniň yzygiderli depginini bellediler. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky işjeň we açyk gepleşikleri döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanmadyrmagyna goşant goşýandygyny nygtap geçdiler.

Şeýle hem Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän gaz himiýasy, ulag we oba hojalygy pudaklaryndaky ileri tutulýan bilelikdäki taslamalar barada netijeli pikir alyşdylar.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993