Tokioda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda resminamalar toplumyna gol çekildi

Tokioda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda resminamalar toplumyna gol çekildi

Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky geçirilen 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň öňdebaryjy döwlet konsernleri bilen himiýa-gaz senagaty, ulag, suw hojalygy ýaly ugurlar boýunça ýapon kompaniýalarynyň arasynda resminalaryň toplumyna gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti bu forumyň işine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa bardy.

Mejlisiň başynda türkmen tarapy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň umumy ýagdaýy barada gysgaça syn berdi. Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda soňky birnäçe ýylda gaz himiýasy we elektrik energiýasy pudaklaryndaky iri desgalaryň Türkmenistanda gurlandygy we ulanylmaga berlendigi nygtaldy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ulag, elektroenergetika, senagat, suw hojalygy, maliýe we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi barada bellenilip geçildi.

Bilelikdäki mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993