Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň premýer-ministri we birnäçe edaralarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň premýer-ministri we birnäçe edaralarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi

«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlisine gatnaşmak üçin Tokio şäherinde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň wekiliýeti geçen anna güni Premýer-ministr Fumio Kişida bilen duşuşdylar we birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasy, söwda-ykdysady ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdylar. Dostluk we özara ynam esasynda hyzmatdaşlygy we özara peýdaly gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak baradaky umumy niýetiň we ygrarlylygyň “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gepleşikleriniň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň munda beýläk-de ösdürilmegi üçin berk esas boljakdygy nygtaldy.

Şol gün Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Prezidenti Akihiko Tanaka bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaş ýurtlara ýapon tejribesine esaslanýan amaly bilimleri almaga mümkinçilik berýän JICA-nyň işleýşinde okuw maksatnamalarynyň ähmiýeti barada bellenildi. Mundan başga-da, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we halkara hyzmatdaşlygynyň geljekdäki möhüm ornuny bellediler, şeýle hem Türkmenistanda taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýaponiýanyň Sanly özgertmeler ministri Taro Kono bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýaponiýanyň sanlylaşdyrma ulgamynda öňdebaryjy tejribesini öwrenmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ýasutoşi Nişimuranyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki, durnukly we uzak möhletleýin häsiýetli nebit-gaz we gazhimiýa pudaklarynda kärhanalary gurmak üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň aýdyň mysaly bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda infrastruktura pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekildi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993