Ärdogan: Türkiýäniň Gara deňizdäki tebigy gaz ätiýaçlyklary 710 mlrd kub metre çenli artdy

Ärdogan: Türkiýäniň Gara deňizdäki tebigy gaz ätiýaçlyklary 710 mlrd kub metre çenli artdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan duşenbe güni Gara deňizde Türkiýäniň tebigy gaz ätiýaçlyklarynyň 710 mlrd kub metre deňdigini habar berdi diýip, Interfaks agentligi Anadolu agentligine salgylanyp habar berdi.

«Gara deňizde biziň tebigy gaz ätiýaçlyklarymyz 170 mlrd kub metr artyp, umumylykda 710 mlrd kub metre ýetdi» diýip, agentlik onuň sözlerini getirýär.

Onuň aýtmagyna görä, bu sanlar «Fatih» buraw gämisiniň Çaýjuma-1 käninde 3023 metr çuňlukda 58 mlrd kub metrlik tebigy gaz ätiýaçlyklaryny ýüze çykarandan soň gazanyldy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993