Russiýa Gazagystana we Özbegistana gaz ibermegi artdyrmagy maslahatlaşýar

Russiýa Gazagystana we Özbegistana gaz ibermegi artdyrmagy maslahatlaşýar

Russiýa Gazagystan we Özbegistan tarapyndan gazyň sarp edilişiniň artmagy netijesinde bu ýurtlaryň içerki bazarlary üçin ýangyjyň bu görnüşini ibermegini artdyrmak meselesini maslahatlaşýar. Bu barada RF-niň wise-premýeri Aleksandr Nowak TASS-a beren interwýusynda habar berdi.

Onuň şeýle hem habar bermegine görä, Russiýa Azerbaýjanyň içerki sarp edişi üçin bu ýurda gaz ibermelerini artdyrmagy, geljekde bolsa, swop ibermelerini hem ibermegi ylalaşdy.

Geljekde Russiýa ýa Merkezi Aziýanyň infrastrukturasyny ulanyp, ýa-da Eýranyň çägini peýdalanyp, öz tebigy gazyny Owganystan bilen Pakistanyň bazarlaryna hem iberip biler diýip, Nowak aýtdy.

Teklip edilýän alyş-çalyş shemasyna görä, Eýran Russiýadan gazy ýaha Türkmenistanyň üsti bilen, ýa-da Azerbaýjanyň üsti bilen alyp, ony öz demirgazyk sebitlerinde peýdalanyp, şol bir wagtda hem şol möçberdäki gazy Pakistandaky serhedinden bermäge borçlanar.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993