Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2-nji ýanwar iş güni däl diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2-nji ýanwar iş güni däl diýlip yglan edildi

Türkmenistanda 2-nji ýanwar iş güni däl diýlip yglan edildi. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminamada bellenilişi ýaly, «ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyly dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç gününi 2-nji ýanwara — duşenbe gününe geçirmeli».

Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993