Serdar Berdimuhamedow: Goý, täze ýyl parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, uly üstünlikleriň hem-de rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin!

Serdar Berdimuhamedow: Goý, täze ýyl parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, uly üstünlikleriň hem-de rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin!

Watandaşlarymyzy Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlap, Türkmenistanyň Prezidenti «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen şygar astynda geçen 2022-nji ýylyň möhüm wakalaryny ýatlady.

Şolaryň hatarynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzy geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlän maksatnamasyny kabul etmegini, ulag, energetika, lukmançylyk we durmuş maksatly birnäçe iri desgalaryň aaçylmagyny belläp bolar.

Ýurdumyzyň nebitgaz, ulag-aragatnaşyk, söwda-telekeçilik ulgamlarynda hem uly üstünlikler gazanylyp, bu pudaklaryň işgärleri-de berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar – diýip, döwlet Baştutany belledi.

«Täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýene-de 10 göterim köpelderis. Munuň özi halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işlerimiziň dowamydyr» - diýlip Gutlagda bellenilýär.

«Biz ýetip gelen 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip at berdik. Bu bolsa Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdyr» diýip, döwlet Baştuany belledi.

Gutlagynyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow şeýle belledi: «Goý, täze ýyl parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, uly üstünlikleriň hem-de rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin! Täze ýylda siziň mukaddes maşgala ojaklaryňyza abadançylyk, agzybirlik ýar bolsun, bagtyýar günler dowamat-dowam bolsun!».

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993