Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sarp edijileri nebit önümleriniň zerur möçberi bilen bökdençsiz üpjün etmek maksadyndan ugur alnyp, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan netijeli çäreler görülýär, hususan-da, nebit önümleriniň kabul edilişine, saklanylyşyna, goýberilişine, daşalyşyna hem-de peýdalanylyşyna gözegçilik edilýär.

Şeýle hem wise-premýer “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde ýerleşýän “Çeleken ýangümmez” gurluşyny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşi nebitgaz ýataklaryny çalt depginde özleşdirmek, täze guýulary burawlamak arkaly amala aşyrylýar. Munuň özi çig nebitiň çykarylýan möçberini ep-esli artdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, amala aşyrylýan pudaklaýyn taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän iri ugurdaş kompaniýalary çekmek meýilleşdirilýär.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze özleşdiriljek nebit ýataklarynyň gorlaryny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işleriň ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmakdaky ähmiýetini belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Prezident şeýle hem ýurdumyzyň baý tebigy uglewodorod serişdelerini öwrenmäge, netijeli we rejeli ulanmaga toplumlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmäni üpjün etmegiň möhümdigini belledi we wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993