Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-iň Başlygynyň gepleşikleri geçirilýär

Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-iň Başlygynyň gepleşikleri geçirilýär

Anna güni Pekinde Hytaý Halk Respblikasyna (HHR) döwlet saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler başlandy diýip, TDH habar berýär.

Resmi garşyalmak dabarasyndan soň iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşygy geçirilýär.

Ýokary derejeli türkmen-hytaý gepleşiklerinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Wekilýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşykdan soňra gepleşikler dar düzümde dowam eder.

Iki döwletleriň Baştutanlarynyň arasyndaky gepleşiklerden tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy göz öňünde tutulýar.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993