Türkmenistan we Hytaý gaz ibermeleriniň möçberini artdyrmagyň üstünde işleýärler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Pekinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynda belledi diýip, TDH habar berýär.
«Häzirki wagtda biz dostlukly ýurduň ykdysadyýetiniň barha artýan isleglerini hem-de Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gazyň möçberini artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris» diýip Serdar Berdimuhamedow belledi.
«Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji ugrunyň gurluşygynyň taslamasy içgin ara alnyp maslahatlaşylýar» diýip, Prezident nygtady.
Gepleşikleriň barşynda Si Szinpin ýangyç-energetika ulgamyny Türkmenistan bilen HHR-iň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda belledi.
«Ýangyç-energetika ulgamy Türkmenistan bilen HHR-iň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň döwletlerimiz bu ugurda ägirt uly kuwwata eýedir diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi».
Belläp geçsek, Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi, şolaryň hatarynda — «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar.