Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň wekilleri ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň wekilleri ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Duşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýranyň daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mahdi Safari bilen duşuşygynda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we ulag-üstaşyr mümkinçilikleri artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berýär.

Türkmenistanyň DIM-niň binasynda geçirilen duşuşykda şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary giňeltmekde ýokary derejedäki duşuşyklaryň wajyplygyny nygtadylar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň işiniň möhümligi bellenildi. Diplomatlar şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere we duşuşyklara aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny berkitmäge bilelikdäki ygryrlylygyny beýan etdiler.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993