Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 10-njy ýanwarda jemi bahasy 11,9 mln dollara we 11,2 mln türkmen manadyna barabar bolan 4 sany geleşik hasaba alyndy diýip, ORIENT habar berýär.
Wirgin adalaryndan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler 11,9 mln dollara umumylykda 30 müň tonnadan gowrak az kükürtli mazut satyn aldylar. Önümiň bir tonnasynyň bahasy 398,50 dollar bahalandyryldy.
Içerki bazarlarda ýerli telekeçiler 11,2 mln manada jemi 1 müň tonna nebit koksuny satyn aldylar.
Satuwa çykarylýan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň saýtynda tanşyp bolýar (tmex.gov.tm).
Bu saýtda platformanyň funksionaly arkaly habarlaşyp, gönüden-göni öndürijiden birža harytlarynyň satuwy barada teklipler bilen tanşyp bolýar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak boýunça bildiriş neşir etmek mümkinçiligi bar.
Nebitgaz toplumy boýunça birža söwdalary duşenbe-anna günleri 16:30, şenbe güni – 12:00 geçirilýär.