Türkmenistanda importyň ornuny tutmagyň çäklerinde B-92 awiabenziniň önümçiligi ýola goýuldy

Türkmenistanda importyň ornuny tutmagyň çäklerinde B-92 awiabenziniň önümçiligi ýola goýuldy

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda B-92 kysymly awiabenzin öndürilip başlandy.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-niň öndürýän nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi.

Hususan-da, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümiň — B-92 kysymly awiabenziniň öndürilip başlanandygy baradaky hoş habar aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan bilelikde önümiň bu görnüşini öndürmek boýunça tehniki şertler işlenip taýýarlanyldy we degişli işler ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda TNGIZT-de awiasiýa üçin dürli görnüşli ýangyçlar öndürilýär, şol sanda — reaktiw hereketlendirijiler üçin ТС-1 ýangyjy, «An-2» uçarlary üçin awiabenzin we Jet A-1 awiasion ýangyjy. Zawodda şeýle hem awtobenzinleriň dürli görnüşleri, kerosin, dizel ýangyjy, gämi ýangyjy, suwuklandyrylan gaz, nebit bitumy, nebit koksy, çalgy ýaglary öndürilýär.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993