Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany Mihail Mişustin 19-20-nji ýanwarda Türkmenistana geler diýip, rus habar beriş serişdeleri habar berýär. Onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda türkmen-russiýa işewürler forumyna gatnaşar.
Çäräniň çäklerinde iki sany dostlukly döwletleriň esasy edaralarynyň we işewür meýdançalarynyň hyzmatdaşlygynyň mazmunyny baýlaşdyrmaga degişli meseleleriň giň toplumyna garalar.
Panelleýin gepleşikler ulag we logistika, bilim, senagat, sanly ulgamlarda we iki ýurduň kompaniýalarynyň dialogynyň beýleki ugurlarynda russiýa-türkmen hyzmatdaşlygy mowzugy boýunça geçiriler.
Işewürler forumynyň birinji gününde pudaklaýyn duşuşyklar meýilleşdirilýär. Şeýle hem forumyň geçirilýän günlerinde Aşgabatda «Russiýanyň söwda öýi» söwda-sergi meýdançasynyň dabaraly açylyşy meýilleşdirilýär.
Forum Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda söwda-ykdysady we senagat hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. Işewür gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.
2020-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany bolup gelýän Mihail Mişustin ilkinji gezek Russiýanyň premýer-ministri hökmünde Türkmenistana geler.