Türkmenistanyň we Kataryň diplomatlary ýangyç-energetika, maýa goýumlar, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Kataryň diplomatlary ýangyç-energetika, maýa goýumlar, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Katar döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen geçirilen duşuşykda ýangyç-energetika, maýa goýumlar, ulag, aragatnaşyk we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Diplomatlar ýokary derejeli saparlaryň ähmiýetini we iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäginde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga, hukuk binýadyny giňeltmek meselelerine üns berildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-kataryň hökümetara toparynyň işine uly ähmiýet berildi. Ýangyç we energetika, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy we ýokary tehnologiýa ýaly hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alşyldy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993