Russiýanyň eksport merkezi topary nebitgaz ulgamynda iri taslamalary, şeýle hem demirýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalary goldamaga taýýar. Bu barada Russiýa eksport merkeziniň baş direktory Weronika Nikişina penşenbe güni Aşgabatda türkmen-russiýa işewürler forumynda eden çykyşynda belledi diýip, REM-iň metbugat gullugy habar berýär.
Baş direktoryň bellemegine görä, Türkmenistan bilen eýýäm birnäçe ýyldan bäri üstünlikli iş alnyp barylýar, şol sanda ygtybarly rus iberijilerini tapmak boýunça hem işler amala aşyrylýar.
«Ýörite döwlet maksatnamasynyň hasabyna logistika çykdajylary azaldylýar we netijede russiýaly we türkmen kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygynyň netijeliligi ýokarlanýar, analitik goldaw berýäris. Häzir biz türkmen kärdeşlerimiz bilen bilelikdäki işimiz boýunça mundan beýläkki meýilnamalarymyzy işleýäris, şol sanda nebitgaz infrastrukturasy, wagon abatlaýyş gurluşygy we bilim ulgamynda sanly çözgütler ulgamynda işler alnyp barylýar» - diýip, Nikişina belledi.
Ol rus kompaniýalarynyň Türkmenistanda işiniň berkidilmegine, iri möçberli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga ynam bildirdi.
Aşgabatda 19-20-nji ýanwarda türkmen-russiýa işewürler forumy geçirilýär, oňa döwlet we hususy düzümleriň 300-den gowrak wekilleri gatnaşýar.