Türkmenistanda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi

Türkmenistanda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi

Ýurdumyzda ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garaýar we makullaýar; döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we kanunlaryna garaýar we makullaýar; Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky ýüzlenmelerini diňleýär; parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar; kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugyny amala aşyrýar; Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 3-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulusy, Halkyň Arkadagy, türkmen halkynyň Milli Lideri — Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine belledi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993