Penşenbe güni Mary welaýatynda iş saparynda bolan Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.
Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan nebithimiýa senagatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň wajypdygyny nygtady hem-de bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri öndürmegiň öňdebaryjy usullaryny işjeň ulanmagyň, şol önümleriň görnüşlerini giňeltmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany resminama gol çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.