Türkmenistanyň we Dragon Oil-yň wekilleri gämi gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Dragon Oil-yň wekilleri gämi gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri bilen «Dragon Oil» (BAE) kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçen hepdede wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda deňiz ulag ulgamynda “Dragon Oil” kompaniýasy bilen eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda ýakyndan hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenildi.

Duşuşygyň barşynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri kompaniýany Türkmenistanyň deňiz ulag ulgamyny, milli deňiz söwda flotuny ösdürmeklige gönükdirilen iri taslamalar, öňde goýlan wezipeler, gurulmagy meýilleşdirilýän gämiler bilen tanyşdyrdylar.

«Dragon Oil» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanyň çäginde alnyp barylýan işleriniň deňiz ulaglarynyň hyzmatyndan giňden peýdalanýandygyny aýratyn bellemek bilen, şeýle-de Türkmenistanyň milli flotuny ösdürmeklige gönükdirilen taslamalaryň ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmeklige, ulag-üstaşyr logistika babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde wajyp orunlary eýelejekdigini göz öňünde tutup, gämi gurluşyk boýunça maýa goýumlaryny goýmaklyk barada kompaniýa teklip edildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýändiklerini hem-de geljekde agzalan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy üçin degişli işleriň geçiriljekdigi barada nygtap geçdiler.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993