14-15-nji fewralda Stambulda Merkezi Aziýadan, Ýakyn gündogardan we Ortaýer deňzinden «mawy ýangyjy» eksport ediji ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda gaz sammitini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatyh Dönmez habar berdi diýip, Anadolu agentligi habar berýär.
Ministr şeýle hem häzirki wagtda Türkiýäniň Demirgazyk Makedoniýa we Moldowa gaz ibermek meselelerini maslahatlaşýandygyny, Omanyň ugurdaş kompaniýalary bilen gaz satyn almak hakynda uzakmöhletleýin şertnamalara gol çekmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
2022-nji dekabrynda Türkmenistanda Azerbaýjanyň hem-de Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Onuň barşynda türkmen gazyny Hazar deňziniň üsti bilen ýewropa bazarlaryna ibermek meselelerine aýratyn üns berildi.