Birža söwdalarynda daşary bazarlara 24 müň tonnadan gowrak awtobenzin ýerlenildi

Birža söwdalarynda daşary bazarlara 24 müň tonnadan gowrak awtobenzin ýerlenildi

Duşenbe günni, 30-njy ýanwarda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 19 mln dollardan gowrak bolan 9 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.

BAE-den, Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler umumylykda 24,5 müň tonna A-92 kysymly awtobenzin satyn aldylar. Olaryň bir tonnasynyň bahasy 776,5 tonna bahalandyryldy. TNGIZT bilen baglaşylan şertnamalaryň umumy bahasy 19 mln dollardan geçdi.

Satlyga çykarylýan harytlar barada maglumat bilen Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda tanşyp bolýar. Nebitgaz toplumy boýunça birža söwdalary duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şeýle hem tmex.gov.tm saýtynda funksionalyň platformasynyň kömegi bilen gönüden-göni öndürijiden teklipler bilen tanşyp bolýar. Şeýle hem birža söwdalarynyň durmuşa geçirilişi barada bildirişleri ýerleşdirip bolýar.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993