Halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi Owganystan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmekde aýratyn orna eýedir
02.04.22 - 16:05Owganystan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bu ýurduň gatnaşmagynda halkara infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi aýratyn orna eýedir. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow HHR-niň Tunsi şäherinde Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Ministrler derejesindäki üçünji maslahatynda eden çykyşynda belledi.
Ahmet Jumaýew “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Ahal geofizika ekspedisiýasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji
01.04.22 - 19:52Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara maslahatyna gatnaşyjylar okyjylarymyza forumda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleler barada gürrüň berdiler.
Mergen Muhammedow “Türkmengaz” döwlet konserniniň Geologiýa we gaz ýataklaryny işläp geçmek müdirliginiň baş hünärmeni
01.04.22 - 19:55Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara maslahatyna gatnaşyjylar okyjylarymyza forumda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleler barada gürrüň berdiler.
Saparguly Berdiýew - "Türkmennebitönümleri" baş müdirliginiň önümçilik meseleler we innowasion tehnologiýalar boýunça bölümiň başlygy
01.04.22 - 19:58Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara maslahatyna gatnaşyjylar okyjylarymyza forumda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleler barada gürrüň berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmegi dowam etmegi tabşyrdy
02.04.22 - 16:06Geçen penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli wajyp meselelere we milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
«Şatlyk» kärhanasynyň hünärmenleri magistral gaz geçirijisiniň durnukly işini üpjün edýärler
02.04.22 - 16:07Döwletabat-Derýalyk magistral gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşen «Şatlyk» önümçilik kärhanasy «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň öňdebaryjy önümçilik kärhanalarynyň biri bolup durýar. Bu ýerde 300-den gowrak hünärmen zähmet çekip, olar sarp edijilere tebigy gazyň berlişiniň tehniki gözegçiligini we basyşyny gözegçilikde saklaýarlar.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara maýa goýum forumy tamamlandy
01.04.22 - 16:45Çarşenbe güni Türkmenistanyň paýtagtynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara maýa goýum forumynyň ikinji — jemleýji güni geçirildi. Onuň çäklerinde öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň täze işläp taýýarlamalar we pudakda gazanan tejribeleri barada çykyşlary diňlenildi.
Türkmenistanyň we Owganystanyň DIM-niň ýolbaşçylary bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny ýerine ýetirmekligi maslahatlaşdylar
01.04.22 - 16:37Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Amir Han Mottaki bilen duşuşygynyň barşynda bilelikdäki infrastruktura taslamalarynyň ýerine ýetirilişini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmenistan Hytaýyň ygtybarly uzak möhletleýin gaz hyzmatdaşy bolup durýar — CNPC-niň wise-prezidenti
31.03.22 - 14:09— Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky energetiki hyzmatdaşlyk berk aragatnaşygy ýola goýdy we öz aýdyň netijelerini berdi diýip, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wise-prezidenti Huan Ýunçžan «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» Halkara forumynda eden çykyşynda belledi.
«Türkmennebit» döwlet konserni giň halkara hyzmatdaşlygyny nazarlaýar
31.03.22 - 14:05Şu gün «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit gorlary esasan Türkmenistanyň günbatarynda jemlenilip, 30-dan gowrak ýatagy öz içine alýar. Olar işläp taýýarlamagyň dürli tapgyryndadyr. Bu barada «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýew Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň ikinji gününde eden çykyşynda belläp geçdi.
Energetiki howpsuzlyk meseleleri — Halkara maýa goýum forumynyň üns merkezinde
01.04.22 - 16:34«Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň çäginde ählumumy energiýa ulgamynyň geljegi we sebitleýin energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri maslahatlaşyldy.
Azerbaýjanyň «Socar» Döwlet nebit kompaniýasynyň wise-prezidenti Elşat Nasirow
30.03.22 - 14:13— Pursatdan peýdalanyp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2022) Halkara maýa goýum forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini bellä geçmek isleýärin. Bu çäre sebitiň energetiki senenamasynda her ýylda geçirilýän möhüm çäreleriň biri boldy.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
29.03.22 - 22:27Şu gün Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 13:00-da «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT-2022) Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady. Şu gün şeýle hem Dubaýdaky EXPO – 2020 halkara sergisine gatnaşyjylar bilen teleköpri guralar.
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara
29.03.22 - 12:37Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Energetika Hartiýasy we Gazy eksport edijileriň forumy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýar
30.03.22 - 14:19Energetika Hartiýasynyň we Gazy eksport edijileriň forumynyň ýolbaşçylary Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen hatynda gaz ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny mälim etdi.