Türkmenistan eksport ugurly polimer önümleriniň önümçiligini artdyrýar
28.08.20 - 00:44Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýurdumyz boýunça polipropilen önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 40,5%, polietilen – 140% ýokarlandy. Şol bir wagtda öndürilen polipropileniň fiziki göwrümi 71,1 müň tonna, poietilen bolsa 137,4 müň tonna deň boldy.
GADAMLARY BATLY GAZ AKDYRYJYLAR
26.08.20 - 16:25Milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy «Türkmengaz» döwlet konserniniň edara-kärhanalarynda işleriň ýokary depginde we sazlaşykly bolmagynda möhüm ähmiýete eýe hasaplanýan iri düzümleriň biri-de «Türkmengazakdyryş» birleşigidir. Birleşigiň esasy wezipesi tebigy gaz çykaryjy kärhanalardan alynýan «mawy ýangyjy» ýokary basyşly gaz geçirijiler arkaly ähli welaýatlarymyza we Aşgabat şäherine akdyrmakdan ybarat. Bu işler, ýagny ilaty, edara-kärhanalary,
«BAGTYÝARLYK» — DOSTLUGYŇ WE HYZMATDAŞLYGYŇ MESGENI
26.08.20 - 16:33Merkezi Aziýa — Hytaý gazgeçirijisiniň ulanmaga berlen wagtyndan bäri Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazyň 316 milliard kubmetri akdyryldy. Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri bu barada habar bermek bilen, transmilli ulgamyň eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri işleýändigini, 500 milliondan gowrak adama peýda getirýändigini belleýärler.
ARKALAŞYKLY IŞ NETIJE BERÝÄR
26.08.20 - 13:19Hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlerden tapgyrlaýyn satyn alyp berýän döwrebap ulaglarynyň hasabyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ulaglar müdirliginiň tehniki binýady yzygiderli täzelenilýär. Dürli kysymly ýük hem-de ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, ýokary iş öndürijilikli, kuwwatly traktorlaryň uly toplumyny özüne birleşdirmegi kärhananyň hünärmenlerine, sürüjilerine işleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk, täzeçe guramaklyga ýardam berýär.
Türkmenistan EXPO-2020-niň guramaçylyk geňeşi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
26.08.20 - 16:33Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri Dubaý şäherinde geçiriljek (Birleşen Arap Emirlikleri) «EXPO-2020» Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly guralan duşuşykda Bütindünýä forumyny geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy.
TÄZE GUÝY ÖNÜM BERDI
26.08.20 - 13:20Balkan welaýatynyň çägindäki Uzynada meýdançasynda burawlanan 8-nji gözleg guýusyndan 7 müň metre golaý çuňluga aralaşylyp, tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu möhüm işi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň baýlyk agtaryjylary üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şeýle jogapkärli sargydy buraw desgasynyň başlygy Halmyrat Rozyýewiň ýolbaşçylygyndaky burawlaýjylar toparynyň agzalary abraý bilen berjaý etdiler.
Ýapon kompaniýasy ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýär
26.08.20 - 16:33TOYO Engineering Corporation ýapon kompaniýasy dökünleri öndürmekde, nebit we nebithimiýa toplumlarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny dowam etmäge gyzyklanmalaryny bildirdi, diýip Trend agentligi belleýär.
NEBITÇILERIŇ ZÄHMET ÜSTÜNLIKLERI
26.08.20 - 09:26Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz döwlet derejesindäki geçirýän mejlislerinde, maslahatlarynda edýän maksatnamalaýyn çykyşlarynda, kabul edýän Kararlarydyr çözgütlerinde ýangyç-energetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, şonuň bilen birlikde-de, gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gözläp tapmagy we çykarmagy,
Prezident: ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak möhüm wezipe bolup durýar
26.08.20 - 16:33Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda nebitgaz toplumynyň ösüşiniň meseleleri maslahatlaşyldy.
KÄRHANANYŇ TÄZE BINASY
26.08.20 - 13:24Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Baýramaly nebit önümleri kärhanasynyň täze, döwrebap binasy ulanylmaga berildi. Ol müdirligiň Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Mary welaýat bölüminiň gurluşykçylary tarapyndan ýokary hil derejesinde guruldy.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
26.08.20 - 16:33Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.
TÄZE ÖNÜMLER ÖNÜMÇILIGE ORNAŞDYRYLÝAR
26.08.20 - 14:51«Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň gurluşyk-gurnama düzümleriniň işçi-hünärmenleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrylan şu ýylyň ilkinji aýyny ýokary zähmet netijelerine besleýärler. Bu trestiň ussat gurluşykçylary welaýatyň çäginde dürli maksatly binalary gurmak, nebitgaz pudagyna degişli edara-kärhanalar tarapyndan bina edilýän ymaratlara, täze gurulýan gaz geçirijilere zerur bolan demirbeton önümlerini öndürmek bilen bir hatarda,
Türkmen alymy Türkmenistanda geliý önümçiliginiň strategik bähbidine ynam bildirýär
26.08.20 - 16:21Türkmenistandan professor, tehniki ylymlaryň doktory Allaberdi Ylýasow CentralAsia.news saýtyna beren interwýusynda Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşini üpjün edip biljek önüm hökmünde geliý önümçiliginiň strategik taýdan utuşly mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.
ÝOKARY NETIJELER GAZANYLÝAR
26.08.20 - 14:47Hormatly döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 19-njy noýabrynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek,
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanunyň taslamasy makullandy
26.08.20 - 16:27Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň başlygy «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak hem-de ony Halk Maslahatyna hödürlemek hakynda Konstitusion toparyň kararyna gol çekdi.