«Günorta gaz geçelgesiniň» giňeldilmegi gazy ibermekligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam eder - Ýewrokomissar
10.07.20 - 20:11«Günorta gaz geçelgesiniň» giňeldilmegi gazy ibermekligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam eder. Ýöne bu bazardaky islege bagly bolar. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň energetika boýunça komissary Kadri Simson belledi, diýip Trend habar berýär.
Innowasiýalar we täze tehnologiýalar «Türkmennebit» bilen «Tatneftiň» netijeli hyzmatdaşlygynyň girewi
26.08.20 - 03:32«Türkmennebit» döwlet konserni öz işini, esasan, Türkmenistanyň günbatar sebitinde alyp barýar. BU ýerde nebit känleri jemlenendir. Olaryň aglabasy baryp XIX asyryň ahyrlaryndan senagat taýdan ulanylyp başlanypdyr.
HEA-nyň ýolbaşçylygy bilen onlaýn-duşuşykda hyzmatdaşlygyň ugurlary maslahatlaşyldy
10.07.20 - 20:06Halkara energetika agentliginiň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Nebitgaz meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň arasynda onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşykda Halkara energetika agentligi bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaz, nebit we energetika sektorlarynda bilelikdäki syny taýýarlamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
10.07.20 - 20:04Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.
«Abraýly dostlar» HK polipropilen multiflament sapaklarynyň önümçiligini ýola goýdy
10.07.20 - 20:02«Abraýly dostlar» hususy kärhanasy Türkmenistanda polipropilen multiflament sapaklarynyň önümçiligini ýola goýdy. Dürli reňkdäki we görnüşdäki ýokary hilli sapaklar Balkan welaýatyndaky Gyýanlydaky polimer zawodynda işlenip taýýarlanylýan çig maldan peýdalanylyp öndürilýär.
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy gaz ibermelerini hasaba alanyňda 1 milliard dollara ýetdi
10.07.20 - 19:59Türkmen-russiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň, şol sanda nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösüşi Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň žurnalistler üçin çarşenbe güni 12-nji iýunda bellenilýän Russiýa gününiň öňüsyrasynda geçiren brifinginiň esasy temalarynyň biri boldy.
Aşgabadyň 30-njy kiçi etrapçadaky AÝGB-nyň durky täzelenilýär
10.07.20 - 19:58Aşgabadyň Sowet Soýuzynyň Gahrymany Gurban Durdy köçesindäki (30-njy etrapça) awtoulaglara ýangyç guýýan bekediň durky dolulygyna täzelener. Paýtagtyň AÝGB-ny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygynda işleýän abatlaýyş-gurluşyk kärhanasy amala aşyrýar.
Nebitgaz känleriniň gözleginiň çäkleri giňeldilýär
26.08.20 - 15:58«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy nebitiň, gazyň we beýleki tebigy baýlyklaryň täze gorlaryny ýüze çykarmak maksady bilen geologiýa gözleg işleriniň giň meýilnamasyny durmuşa geçirýär. «Türkmengeologiýa» DK-nyň Lebap welaýat geofiziki ekspedisiýasynyň üstünlikli işiniň netijesinde gözleg-barlag, geofiziki-barlag we beýleki işleriň geografiýasy giňeldilýär.
WTL Türkmenistanda ekologiýa gurşawyny goramak nukdaýnazaryndan iş alyp barýar
26.08.20 - 03:51Türkmenistanda daşky gurşawy guramak işi nebiti çykarmak we ony ugratmak, gaýtadan işlemek we peýdalanmak bilen bagly senagatyň birnäçe pudaklarynda üpjün edilýär. Westport Trading Europe Limited kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň direktory Allaberdi Ylýasowyň «Golos SNG» onlaýn radiosyna beren gürrüňine laýyklykda, amerikan kompaniýasy tarapyndan nebiti gaýtadan işlemekde üstünlikli ulanylýan täze nesliň enjamlarynyň nusgasy döredildi. Kompaniýanyň hünärmenleri ekologiýa gurşawyny gorap saklamak nukdaýnazaryndan birnäçe taslamalary işläp düzýärler.
OPEC+ karary nebit bazaryny dikeltmekligi tizleşdirip biler — Muhammed Arkab
10.07.20 - 19:506-njy iýunda OPEC+ ministrleriniň kabul eden karary nebit bazaryny dikeltmekligi tizleşdirip biler, diýip duşenbe güni OPEC maslahatynyň prezidenti, Alžiriň energetika ministri Muhammed Arkab belledi, diýip TASS habar berýär.
Bäş aýyň jemine garaldy
10.07.20 - 19:478-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada we edara-kärhanalarda 2020-nji — “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi we hormatly Prezidentimiziň 5-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde toplumyň öňünde bellän wezipelerini durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-maý aýlary boýunça jemleri jemlenildi
10.07.20 - 19:44Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, şol sanda nebitgaz toplumynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy.
HNGU-nyň selektiw pakerleri nebit guýularynyň öndürijiligini artdyrmaga ýardam eder
10.07.20 - 19:41«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan işlenilýän nebit guýularynyň aglabasy ownuk plastlardan ybaratdyr. Bu bolsa olary özleşdirmekde belli bir kynçylyklary döredýär. Öndürijilikli plastlaryň suwlulygynyň ýokary bolmagy, şeýle hem beýleki şertler nebit guýularynyň öndürijiliginiň peselmegine getirýär. Çykarmasy kyn çig mallary işläp taýýarlamak, guýulary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak nebit çykarylyşyny artdyrmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaklygy talap edýär.
«ENI» italýan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy
10.07.20 - 19:39Penşenbe güni Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew bilen Italiýa Respublikasynyň «ENI» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça Ýerine ýetiriji wise-prezidenti L.Winýatiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary nazary bilimlerini tejribede berkidýärler
10.07.20 - 19:35Iň täze ylmy işläp taýýarlamalar bilen baglanyşykly önümçilik wezipelerini üstünlikli çözmäge ukyply ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak işi diňe bilim bermekligi ylmy-barlag işi bilen utgaşykly alyp barmak arkaly mümkindir. Şeýle çäreler Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň barlaghanalarynda mugallymlar we talyplar tarapyndan yzygiderli geçirilýär.