HNGU-nyň Wodorod energetikasy merkezinde suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjy alyndy
31.10.23 - 18:30Türkmenistanyň alymlary ilkinji bolup suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjyny aldylar. Bu barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wodorod energetikasy merkeziniň direktory Hakberdi Hoşdurdyýew 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023» Halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.
TNGIZT-de iki sany täze gaz turbinaly elektrik bekedi işe giriziler
31.10.23 - 18:24Balkan welaýatynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda innowasion tehnologiýalar esasynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gaz turbina desgasy ulanyşa girizler.
Türkmenistan we Pakistan TOPH-nyň owgan böleginiň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça gepleşikleri dowam etdirer
31.10.23 - 18:22Türkmenistan we Pakistan TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça gepleşikleri dowam etdirer diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti SNGIZ-niň öndürijiligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy
30.10.23 - 17:45Geçen şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara awiakerosin, polipropilen we motor ýaglary ýerlenildi
30.10.23 - 17:48Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.
OGT 2023 Halkara forumynyň gatnaşyjylaryna alty ugur boýunça baýraklar gowşuryldy
30.10.23 - 17:4425-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023» (OGT 2023) Halkara sergisi we maslahaty Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň iň iri hem üstünlikli çäreleriniň biri boldy. Forum 700-den gowrak milli we daşary ýurt wekillerini, 400-den gowrak kompaniýalary we 10 müň töweregi sergä gatnaşyjylary özüne çekdi.
TOPH gaz geçirijisi: parahatçylygyň we durnuklylygyň taslamasy
31.10.23 - 13:56Bu günki gün dünýäde köplenç birek-birege gapma-garşy gelýän üç sany çagyryşy ylalaşdyrmak zerurlygy turýar: energetika howpsuzlygy, energetiki adalatlylyk we ekologiýa durnuklylygy. TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy ekologiýa durnuklylygyny saklap, sebitiň energetika hoowpsuzlygyna düýpli goşant goşup biler. Bu mowzuk TAPI Pipeline Company Ltd-niň baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanowyň Aşgabatda 25-27-nji oktýabrda geçen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023» Halkara maslahatynda eden çykyşynyň esasyny düzdi.
OGT – 2023-e tas 50 ýurtdan rekord derejede gatnaşyjy bardy
27.10.23 - 22:43“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” atly halkara konferensiýa we sergä rekord derejede gatnaşyjy bardy. Bu barada çäräniň jemi boýunça geçirilen metbugat konferensiýasynda forumyň guramaçylary aýtdy.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
27.10.23 - 16:36Penşenbe güni Ankara şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä Bilelikdäki maýa goýum fonduny döretmegi teklip etdi
27.10.23 - 16:57Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Bilelikdäki maýa goýum fonduny hem-de Maýa goýumlary boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi. Bu barada TDH habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan energetika ulgamynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmäge açyk
27.10.23 - 16:58Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Türkmenistan Türkiýeli hyzmatdaşlar bilen energetika ulgamynda özara hereketlere açykdygyny aýtdy diýip, TDH belledi.
«Türkmengaz» 2023-nji ýylda Russiýa, şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, 5 mlrd kub metr gaz iberer
27.10.23 - 22:44“Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, 2023-nji ýylda Russiýa, takmynan, 5 mlrd kub metr türkmen gazynyň iberilmegine garaşylýar. Bu barada žurnalistlere “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Aşgabatda geçirilen OGT – 2023 sergisiniň jemi boýunça metbugat konferensiýasynda aýtdy.
OGT-2023 forumyna gatnaşyjynyň we onuň hemaýatkäriniň interwýusy
29.10.23 - 15:05Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT 2023) atly XXVIII Halkara maslahaty we sergisi geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy
26.10.23 - 16:20Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Ýakyn ýyllarda dünýä energetikasynda Türkmenistanyň orny has hem artar — bilermenler
26.10.23 - 16:17Ýakyn ýyllarda dünýä energetika ulgamynda Türkmenistanyň orny görnetin pugtalanar. Bu pikir Aşgabatda dowam edýän «Türkmenistanyň nebit we gazy — 2023» (OGT-2023) halkara maslahatynyň umumy mejlisinde bilermenler tarapyndan beýan edildi.