Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň geologiýa kolleksiýasynyň üsti täze eksponat bilen dolduryldy
11.10.22 - 17:04Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Köýtendag daglarynda geologiýa işleriniň barşynda ýüze çykarylan, ýura döwrüne degişli taryhy korallaryň toplanan daşyny berdiler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy habar berýär.
TNGIZT korporatiw awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmagy meýilleşdirýär
11.10.22 - 17:03Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy kärhananyň işine sanly tehnologiýalaryň binýadynda korporatiw awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.
Türkmenistanyň DIM-inde türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
11.10.22 - 17:05Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Muhammed Meshel Al-Otaibi bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara boljak sapary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
«Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşi: hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
07.10.22 - 19:355-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmenistan hazarýaka döwletlerini energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy
07.10.22 - 19:34Türkmenistan hazarýaka döwletlerini energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Hökümetiniň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow penşenbe güni Moskwada geçirilen Hazar ykdysady forumynda eden çykyşynda belledi. Bu barada ORIENT habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistan we Hytaý ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýe — Halk Maslahatynyň Başlygy
05.10.22 - 17:05Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan möhüm ugry ýangyç-energetika pudagy bolup durýar we ýurtlar bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň habar beriş serişdeleri üçin söhbetdeşliginde belledi.
Mitro International Limited — «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara maslahatynyň kümüş hyzmatdaşy
04.10.22 - 20:19«Mitro International Limited» kompaniýasy Aşgabatda 26-28-nji oktýabrda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara maslahatynyň we sergisiniň kümüş hyzmatdaşy bolup çykyş edýär diýip, forumyň guramaçysy habar berýär.
«Türkmengaz» suwuklandyrylan gazyň önümçiligini artdyrmaga taýýarlanýar
03.10.22 - 21:12«Türkmengaz» döwlet konserni suwuklandyrylan gazyň önümçiligini artdyrmak üçin maddy-tehniki enjamlary we serişdeleri satyn alar. Munuň üçin degişli ygtyýar berýän resminama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
«Çeleken» şertnamalaýyn çäginde nebitiň çykarylyşyny artdyrmak meýilleşdirilýär
03.10.22 - 21:11Häzirki wagtda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan «Çeleken» käniniň düzümine girýän meýdançalary düýpli özleşdirmek, täze nebit guýularyny gazmak arkaly çykarylýan nebitiň möçberlerini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
SOCAR Trading SA — «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara maslahatynyň brilliant hyzmatdaşy
30.09.22 - 19:47Global energetika treýderi bolan SOCAR Trading «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara maslahatynyň brilliant hyzmatdaşy diýlip yglan edildi diýip, ýakynda geçiriljek çäräniň guramaçysy — Turkmen Forum kompaniýasy habar berdi.
Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylara söz berýäris
30.09.22 - 20:19— Döwlet Maslahatyna gatnaşmagymy uly buýsanç we uly jogapkärçilik diýip hasaplaýaryn, onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyz bilen bilelikde ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdy.
Owganystanyň häkimiýeti oktýabrda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär
30.09.22 - 20:33Owganystandaky häzirki şertler TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan mümkinçilikleri döretdiler. Bu barada ikinji wise-premýer Molla Abdyl Gani Baradar TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow hem-de Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow bilen duşuşygynda beýan etdi diýip Orient ýazýar.
«Demirgazyk akymda» adatdan daşary ýagdaý: Ýewropa «bilini berk guşaýar»
29.09.22 - 17:35Anna güni, 30-njy sentýabrda «Demirgazyk akymy» we «Demirgazyk akymy-2» gaz geçirijilerine amala aşyrylan diwersiýalar bilen bagly BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi gyssagly mejlis geçirer diýip, dünýäniň habar beriş serişdeleri belleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti «Buried Hill Energy» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09.22 - 17:36Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Buried Hill Energy» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Ýerine ýetiriji başlygy Piter S.Kallosy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.
Türkmenistanda ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy dabaraly bellenildi
28.09.22 - 19:57Türkmenistanda ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy baýramçylyk dabaralaryna beslenilip bellenildi.