Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
03.09.22 - 13:00Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
03.09.22 - 03:38Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
03.09.22 - 03:36«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
01.09.22 - 23:44Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.
Dünýäde gaza bolan isleg 40 mlrd kub metre çenli azaldy — «Gazpromyň» ýolbaşçysy
01.09.22 - 23:04Dünýäde gaza bolan isleg şu ýylyň 8 aýynda 40 mlrd kub metre çenli azaldy. Şonuň 30 mlrd-a golaýy ÝB ýurtlarynyň paýyna düşdi, bu dünýä boýunça islegiň peselmeginiň 73%-ine deň boldy diýip, «Gazpromyň» ýolbaşçysy Alekseý Miller habar berdi diýip, Ria Nowosti ýetirýär.
OPEC+ 2022-nji ýylda bazarda nebitiň artykmaçlyk çaklamasyny aşaklatdy — HBS
01.09.22 - 23:03OPEC+ tehniki monitoring komiteti şu ýylyň netijeleri boýunça bazarda teklibiň artykmaçlyk çaklamasyny öňki 900 müňden günde 400 müň barrele çenli aşaklatdy diýip, Reýter agentligi guramadaky çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda awiakerosin we karbamid eksport edildi
01.09.22 - 00:27Duşenbe güni, 29-njy awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 18,1 mln amerikan dollaryna we 416,4 müň türkmen manadyna barabar bolan 7 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habarlar agentligi habar berýär.
Iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara resmi saparynyň guramaçylygyny maslahatlaşdy
01.09.22 - 00:26Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Daşary işler ministri Muhammed ben Abdel Rahman Al Tani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine resmi saparynyň gurnalmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti «Gazpromyň» ýolbaşçysy bilen gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
30.08.22 - 23:52Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleriň arasynda geçirilen duşuşykda ýangyç-energetika toplumy ulgamynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtly alyjylara awiakerosin we suwuklandyrylan gaz satyldy
30.08.22 - 15:09Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmennebit» DK-nyň başlygynyň orunbasaryny wezipesinden boşatdy
30.08.22 - 14:16Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mämmedow Toýgeldi Baýrammyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
«Türkmengeologiýa» DK 3D modelirleme üçin enjamlary satyn almagy meýilleşdirýär
30.08.22 - 14:17«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy seýsmiki barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, 3D ölçegli geofiziki enjamlar toplumyny satyn almagy meýilleşdirýär.
«Türkmennebit» DK «KING EASE LIMITED» (HHR) kompaniýasyndan buraw turbalaryny satyn alar
30.08.22 - 14:22“Türkmennebit” döwlet konsernine 2309 tonna dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “KING EASE LIMITED” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
Brent nebitiniň bahasy ýene-de 100 dollardan geçdi
27.08.22 - 14:18Deslapky gün aşaklamadan soň, anna güni irden nebitiň bahalary ýene-de ýokarlanýar diýip, daşary ýurt habar beriş serişdeleri ýazýar.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 3300 dollardan geçdi
27.08.22 - 14:20Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy penşenbe güni agşam işjeň ösüşini dowam etdi. Ýewropa söwda sessiýasynyň ahyrynda bahalaryň ýokary göterilmegi aziýa bazarynda kotirowkalaryň ýokarlanmagynyň täsiriniň netijesi bolup durýar diýip, Interfaks habar berýär.