Özbegistan Türkmenistandan elektrik energiýasyny, gaz we nebit önümlerini almaga gyzyklanma bildirýär
16.07.22 - 17:0514-15-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna bardy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi belleýär. Penşenbe güni iki ýurduň Hökümet wekilleriniň gatnaşmagynda ikiçäk görnüşde we giňişleýin düzümde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň energetika ministri bilen energetika ulgamynda ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşdy
14.07.22 - 23:10Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazrui bilen iki ýurduň ykdysadyýetiniň strategiki ugurlary bolup durýan energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.
Uzynada meýdançasyny özleşdirmek boýunça işler üstünlikli dowam edýär
14.07.22 - 23:11Çarşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatyndaky Uzynada meýdançasyny özleşdirmek hem-de onuň çägini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary ýokarlandyrylar
13.07.22 - 22:402023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda Türkmenistanda aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylar. Degişli resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alyşda bolar
13.07.22 - 22:41Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alşa çykar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlap geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde karar kabul etdi.
Ýarym ýylyň jemlerine garaldy
11.07.22 - 22:03Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümet mejlisinde Türkmenistanda nebitgaz toplumynyň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda işiniň netijelerine garaldy
12.07.22 - 02:16Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi birinji ýarym ýylyň jemleri boýunça 6% möçberde saklanýar
12.07.22 - 02:17Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylyklara garamazdan, jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede — 6 göterim möçberde saklanýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berdi. Mejlisiň barşynda 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri seljerildi.
Türkiýe türkmen gazyny Anatoliýa TANAP boýunça getirmegi meýilleşdirýär
09.07.22 - 23:28Türkmen tebigy gazyny Anatoliýa Anatoliýüsti gaz geçirijisi (TANAP) boýunça ibermek bolar diýip, Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý belledi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gazyň bahasy ýokarlandy
09.07.22 - 23:29Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 6-njy iýulda suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasy ýokarlandy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
«Tatneft» Türkmenistanda önümçilik infrastrukturasyny giňeltmäge taýýarlanýar
09.07.22 - 23:30«Tatneft» rus kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy ýurdumyzda bar bolan önümçilik infrastrukturasyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Muňa türkmen habar beriş serişdelerinde neşir edilen degişli tender habar berýär.
«PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy çagyrýar
10.07.22 - 23:09«PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy bellige alnan kompaniýalary, guramalary we telekeçileri aşakdaky çärelerine gatnaşmaga çagyrýar:
Energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek — Azerbaýjanyň wekiliýeti bilen duşuşygyň üns merkezinde
07.07.22 - 23:23Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň baştutanlygyndaky wekilýet bilen duşuşygynda energetika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyklylyk we ösüş» Halkara maslahaty 18-20-nji iýulda geçiriler
08.07.22 - 00:3818-20-nji iýulda Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyklylyk we ösüş» Halkara maslahaty geçiriler. Forumyň maksady pandemiýadan soňky dikeldiş boýunça ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşmak, halkara daşamalar ulgamynda täze şertlere uýgunlaşmak we netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek bolup durýar.
ABŞ daşary ýurtlara strategiki ätiýaçlygyndan nebit iberýär - HBS
07.07.22 - 14:17Şu ýylyň iýun aýynda ABŞ strategiki nebit gorundan 5 mln töweregi nebit eksport etdi diýip, habar beriş serişdeleri gümrük statistikasynyň we çeşmeleriň maglumatlaryna esaslanyp habar berýär. Interfaksyň amerikan gümrükhanasynyň maglumatlaryn esaslanyp, habar bermegine görä, 470 müň barrel nebit Italiýanyň Triestine Tehasdaky ammardan iberildi. Triestden Merkezi Ýewropadaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlara nebiti ýetirýän turba geçiriji geçýär.