1600fe1e6d762d.png
Türkmenistan dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde
26.01.21 - 19:33

Türkmenistan şu günlerde ýene-de dünýäniň esasy habarlar agentlikleriniň, şeýle hem köpsanly internet-saýtlaryň täzeliklerdir habarlarynda köp agzalýan geografik atlaryň birine öwrüldi. Dünýäniň habar beriş serişdeleriniň, syýasy we işewür toparlarynyň ünsi jemgyýetçilik seslenmesine eýe bolan şanly wakalara — ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gönükdi


1600fe13a1afea.jpeg
Hazar — dostluk we hyzmatdaşlyk deňzi
26.01.21 - 19:30

Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu çärä göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdylar.


16006a78ae3044.png
Dünýä uzaýan ýollar
19.01.21 - 19:34

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ulag ulgamy boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak Türkmenistanyň öňe sürýän möhüm başlangyçlarynyň biri bolup durýar. Çünki häzirki döwürde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ählumumy durnukly ösüşiň esasy şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Ählumumy hojalyk gatnaşyklarynyň netijeliligine gös-göni täsir edýän bu ulgam dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biridir.


16006a704b8110.png
Has çuň gatlaklara aralaşylýar
19.01.21 - 19:31

«Türkmennebit» döwlet konserni ýurduň ykdysadyýetinde iri önümçilik-hojalyk toplumy bolup, ol nebitgazly ýataklarda gözleg-barlag işlerini geçirmek we olary özleşdirmek işlerini alyp barmak bilen, pudagyň ösüşiniň esasy maksatnamalarynyň toplumlaýyn çözgüdini üpjün edýär.


16006a696575cf.png
Arkadagymyz Malaýda gaz gysyjy desgany işe girizdi
19.01.21 - 19:29

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 15-nji ýanwarynda nebitgaz toplumynyň möhüm desgasynyň — «Malaý» gaz känindäki gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şu taryhy wakadan bir gün ozal hormatly Prezidentimiziň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmaklarynda birbada üç desga — Akina — Andhoý demir ýoly, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamy hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.


15ffd728517ea0.png
Nebit çykarylyşynda döwürleýin gazlift usuly
12.01.21 - 19:57

«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit çykaryjy kärhanalarynda mehanizmleşen usullaryň biri bolan gazlift usulynyň tehnologik ulanyş aýratynlyklaryna baglylykda we wagtyň geçmegi bilen guýularyň önüminiň azalmagy tebigy ýagdaýdyr. Nebitli ýataklaryň işlenmeginiň soňky tapgyrynda guýularyň gatlaklarynyň basyşynyň peselmegi, olaryň kuwwatynyň gaçmagy netijesinde göteriji turbalarda suwuklygyň (nebitiň) dinamiki derejeleriniň aşak gaçmagy we beýleki geologik-tehniki faktorlaryň täsir etmegi munuň aýdyň mysalydyr.


15ffd71fb40517.png
Işleriň netijeliligi ýokarlanýar
12.01.21 - 19:55

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabatdaky Abatlaýyş-mehaniki zawodynyň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemläp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna ynamly gadam basdylar. Zawodyň başlygy Annatagan AMANOW bitirilen işler, 2021-nji ýylda öňde duran belent wezipeler barada gazetimiziň Balkan welaýaty boýunça habarçysyna şeýle gürrüň berdi:


15ffd7154e19ae.png
Maksatlary myrat tapar
12.01.21 - 19:52

Tamamlanan ýyly uly üstünliklere besläp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan täze ýyla ynam bilen gadam basanlaryň arasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Demirgazyk Balguýy liniýa önümçilik böleginiň başarjaň işgärleri hem bar.


15ffd70b72bb57.png
Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi 11 ýyl üstünlikli işleýär
12.01.21 - 19:49

Howanyň sowamagy bilen Merkezi Aziýadan Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän tebigy gazyň möçberi artdy, täze ýylyň ilkinji günlerinde ol ilkinji gezek bir gije-gündiziň dowamynda 100 million kubmetre barabar boldy. Ozalkysy ýaly, «mawy ýangyjyň» esasy möçberi döwletara energetika ulgamyna Türkmenistanyň gaz känlerinden gelip gowuşýar.


15ff42e4b1ec86.png
Kalby joşgunly sürüji
05.01.21 - 19:15

— Asuda asmanyň astynda parahat ýaşamak, zähmet çekmek, onuň rehnedini görmek aňrybaş bagtyýarlykdyr. Bize şeýle synmaz bagty Gahryman Arkadagymyz berdi. Ömrümiň şeýle ajaýyp döwre gabat gelendigine guwanmak guwanýaryn, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna zähmet çekip armaýaryn — diýip, Kurbandurdy Mämiýew gürrüň berýär.


15ff42dbb6ae21.png
Guýulary abatlamagyň kämilleşdirilen tilsimaty
05.01.21 - 19:13

Guýular uzak wagtlap ulanyşda bolanlarynda dürli sebäplere görä, olaryň iş sütünlerinde şikes (defekt) emele gelýär. Şeýle şikesleri bejermek üçin guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmekligiň zerurlygy ýüze çykýar.


15ff42d31d9d70.png
Tebigy gaz eşret berýär
05.01.21 - 19:11

«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň beýleki önümçilik düzümleriniň gazçylary bilen birlikde «Baýramalyşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleri hem täze, 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna ýokary ruhubelentlik bilen gadam goýdular. Edaranyň hyzmat ediş gulluklarynyň işgärleri täze ýylyň ilkinji günlerinden öz işlerini gije-gündizleýin takyk ýola goýup, şäheriň ilatynyň jaýlaryny, şäherdäki edara-kärhanalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edýärler.


15ff42c4a9b93e.png
«Galkynyş» gaz käni tapgyrlaýyn özleşdirilýär
05.01.21 - 19:07

Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän iri nebitgaz ýatagy bolan «Galkynyş» dünýäde ululygy boýunça ikinji orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz pudaga daşary ýurt maýadarlaryny çekmek hem-de nebitgaz ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça işleri işjeňleşdirmek barada anyk görkezmeleri berdi. «Galkynyş» gaz käni ilkinji tapgyrda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün eder.


15ff42b793e946.png
Hil we howpsuzlyk möhüm wezipedir
05.01.21 - 19:03

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işleriniň halkara ölçeglerine laýyklykda ýylsaýyn ilerlemeginde onuň ýerlerdäki düzüm birlikleriniň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar. Bu ugurda Daşoguz welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň nebit we nebit önümleriniň hil gözegçiligini hem-de gaz ölçeýji enjamlaryň tehniki taýdan guratlygyny barlaýan bölümlerinde döwrebap işler alnyp barylýar.


15ffd732d949b3.png
Buýan — ýiti ýokanç kesellerden goranmakda netijeli serişde
12.01.21 - 20:00

Ýakynda Germaniýanyň Essen uniwersitet hassahanasynyň alymlary koronawirusy ýok edýän derman serişdesini taýýarladylar. Onuň düzüminde buýan köküniň ekstraktynyň bardygy bellenildi. Buýan ynsan saglygy üçin taýsyz melhem. Ylmy çeşmeleriň habar bermegine görä, buýan kökünde glisirin, flawonoidler, steroidler, efir ýagy, C witamini, şeýle hem krahmal saklanýar. Glisiriniň mukdary 6%-e golaýlaýar. Onuň süýjüligi şekeriňkiden 40 esse ýokarydyr.