Gazhimiýa önümçiligi: polimerler dünýäsinde Polistirol
01.12.20 - 16:43«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyna gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze, häzirki zaman önümçiliklerini döretmegiň hasabyna onuň infrastrukturasyny giňeltmeklige ugur aldyk.
Söwda gatnaşyklary berkidilýär
01.12.20 - 16:40Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeň ösdürilýär. Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň maglumatlaryna laýyklykda, şu ýylyň 9 aýynda iki ýurduň haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 90 göterim artyp, ABŞ-nyň 800 million dollaryna deň boldy. Türkmenistan öz önümleriniň eksportyny 1,5 esse artdyrdy, Russiýanyň harytlarynyň importy bolsa, 68 göterime golaý ýokarlandy.
Beýik döwrüň özgerişlerine nebit pudagynyň düzümleri saldamly goşant goşýar
01.12.20 - 16:39Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz çykarmak, guýulary gazmak, abatlamak bilen iş salyşýan edara-kärhanalarynyň islendigini alyp görseň-de, ata Watanymyzyň çig mal binýadyny artdyrmakda alyp barýan ýadawsyz zähmetini duýmak bolýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän şu ýylynda hem netijeli işleriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan düzümleriň biri-de Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligidir.
Il-ýurt bähbitli işler
01.12.20 - 16:36Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän deňsiz-taýsyz çäreler netijesinde tebigy gaz halkymyzyň bagtyýarlygyna, ykdysadyýetimiziň depginli ösmegine hyzmat edýär. Öňde goýlan maksatnamalary amala aşyrmak üçin kuwwatly gaz geçirijiler çekilýär, ozaldan hereket edýänleriniň bolsa durky düýpli täzelenilýär. Şeýle il bähbitli, ýurt ähmiýetli möhüm işlere «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň başarjaň hem-de janypkeş gurluşykçylary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda olaryň iş gadamlary has-da batly.
Geolog bagşy
24.11.20 - 20:50Bagşy Ilgeldi Magtymgulyýewe ussat gyjakçy Ata Ablyýew «geolog bagşy» diýer eken. Onuň aýdýan «Nowgül», «Ne peýda», «Biläni», «Delalat ýagşy» ýaly aýdymlaryny kiçiligimizden radioýaýlymlar arkaly diňläp gelýäris, ýöne esasy käriniň geologdygyny welin, arada «Miras» teleýaýlymynda çykyş edip otyrka aýdanda bildik. Ilgeldi aganyň zähmet hem durmuş ýoly barada gyzyklanyp,
«Hanhowuz» suw desgasynda
24.11.20 - 20:48«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýuna hem-de hünär baýramçylygyna — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe gaz känlerinden «mawy ýangyç» çykarmak boýunça aýma-aý gazanýan zähmet üstünlikleri bilen barýarlar.
Abuna — 2021 Hormatly okyjylar!
17.11.20 - 20:40«Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy 2021-nji ýylyň birinji ýarymy üçin gazete kagyz we elektron görnüşde abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini size habar berýär.
Türkmenistanyň bilýard boýunça açyk çempionaty geçirildi
17.11.20 - 20:39Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesindäki sportuň oýun görnüşleri boýunça türgenleşik zalynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň bilýard boýunça açyk çempionaty geçirildi. 12—14-nji noýabr aralygynda «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen türgenleriň onlarçasy ussatlygyny görkezdi.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ähmiýeti
17.11.20 - 20:37Milli Liderimiz ýurdumyzyň dürli pudaklaryna, şol sanda nebit we gaz pudagyna täze innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna geçmek, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk babatda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak wezipelerini öňe sürýär.
Tebigy gaz bökdençsiz akdyrylýar
17.11.20 - 20:35«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän önümçilik edaralarynyň gazçylary şu ýylyň 10 aýynyň iş tabşyryklaryny netijeli jemlemek bilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe sowgatly barýarlar.
Nebitgaz toplumy: gazanylan netijeler
17.11.20 - 20:33«Türkmennebit» döwlet konserni uglewodorod çig malyny çykarmagyny artdyrýar: şu ýylyň on aýynda nebitiň 3 million 245 müň tonnadan gowragy çykaryldy. Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklara laýyklykda ýataklary işläp taýýarlaýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň goşandyny nazara alanyňda, ýurdumyzyň ýer astyndan nebitiň we gaz kondensatynyň 8 million tonna golaýy gazylyp alyndy.
2021-nji ýylda gepleşikler dowam etdiriler
17.11.20 - 20:31Energetika Hartiýasyna Şertnamany (EHŞ) döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara gepleşikleriniň üçünji tapgyry tamamlandy, olar Brýusselde (Belgiýa) Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty tarapyndan wideokonferensiýalar görnüşinde geçirilýär. Ozal habar berlişi ýaly, gepleşiklere EHŞ-niň agza ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň, şeýle hem Ýewropa Komissiýasynyň hem-de beýleki birnäçe halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Işeňňir işde belli
17.11.20 - 20:18Şu günler her bir zähmet adamy, zähmetkeşler köpçüligi ýetip gelýän uly baýramy — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny mynasyp derejede garşylamagy, bu beýik senäni zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinýär.
Siziň üçin duşuşyk Amanmyrat ORAZGULYÝEW
10.11.20 - 16:24Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda göni wideoaragatnaşyk arkaly bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň uly topary döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp boldy.
«Gara altyn» topary toýa taýýarlanýar
10.11.20 - 16:22Hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygynda Diýarymyzyň toýlary toýa ulaşýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýy ýakynlap gelýär. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hereket edýän «Gara altyn» tans, folklor we aýdym-saz toparynyň öňde boljak şanly baýramçylyga görýän taýýarlygy dogrusynda söhbet etmek üçin toparyň çeper ýolbaşçysy, ýokary okuw mekdebiniň geologiýa fakultetiniň uly mugallymy Amanmyrat ATAÝEW bilen söhbetdeş bolduk. Ol buýsanç bilen hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdyp, şulary gürrüň berdi.