Gözlegleriň gerimi giňelýär
26.08.20 - 14:00Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Olar «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» öz aýdyň beýanyny tapdy. Maksatnamada bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Lebap geofizika ekspedisiýasynyň agzybir işgärleriniň hem netijeli gatnaşýandyklaryna alnyp barylýan giň gerimli işler aýdyň şaýatlyk edýär.
Şahamçanyň durky täzelenýär
26.08.20 - 13:44Ýurdumyzda durmuş-ykdysady taýdan ösüşi çaltlandyrmagyň daýanjy bolan ýol-ulag düzümi ileri tutulyp ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz bu meseläni mydama üns merkezinde saklamak bilen, möhüm wezipeleri öňde goýýar. Olara laýyklykda ýerlerde anyk we netijeli işler giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Nebitgaz toplumyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi artýar
26.08.20 - 04:53Nebitgaz senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolup, onuň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge uly möçberde maliýe serişdeleri goýberilýär.
Döwrebap zähmetiň miwesi
26.08.20 - 15:39Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletimiz häzirki wagtda öz ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini has netijeli ulanmagyň hötdesinden gelýär. Zemin jümmüşindäki esasy uglewodorod serişdeleri bolan nebitdir gazy çykarmak, olary gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirmek, önümçilige häzirki zaman tilsimatlaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ulgamyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar.
Bedew batly watanymyz dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşýar
26.08.20 - 15:35Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýangyç-energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzda ykdysadyýetiň senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar.
Aladag-misserianyň nebitgazly geljegi
26.08.20 - 15:58Mälim bolşy ýaly, Aladag-Misserian göterilme zonasy Günbatar Türkmen çöketliginiň Gyzyletrek sebitinde ýerleşendir. M.K.Mirzahanow 1962-nji ýylda «Günbatar Türkmen çöketliginiň günorta-gündogar bölüminiň we Köpetdagyň günbatar böleginiň nebitgazly geljegi» atly ylmy-barlag işinde Misserian tektoniki zonasynda ýerleşen Yzzatguly, Rüstemgala, Madaw, Benguwan, Daýandyk, Günbatar Zirik meýdançalarynyň nebitgazly geljeginiň has uludygyny belläp geçýär.
«Mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilýär
26.08.20 - 15:23— Hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen dünýä nusgalyk taglymatynyň datly miwelerini her ädimde diýen ýaly görmek bolýar. Jemgyýetimizde adamyň iň ýokary gymmatlyk hasap edilip, onuň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän deňsiz-taýsyz aladalara biz hem mynasyp goşandymyzy goşmaga çalyşýarys. Şonuň netijesinde ilatymyza durmuşy eşretleriň biri bolan tebigy gaz barha elýeterli bolýar — diýip, «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň bölüm müdiri Geýdaýdurdy Şirinow bize alnyp barylýan gündelik işler, gazanylýan netijeler barada gürrüň berýär.
Guýularyň önüm berijiligi artýar
26.08.20 - 15:17Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýunyň toýlanyljak «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinip işleýän «Marygazçykaryş» müdirliginiň Guýulary ýerasty we düýpli abatlaýyş sehiniň gazçylary geçen dört aý üçin bellenilen önümçilik meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdiler.
Gazçylaryň ýakyn ýardamçylary
26.08.20 - 15:07Bu kärhananyň derwezesi hemişe diýen ýaly açyk durýar. Sebäbi gije-gündiziň islendik wagtynda giň derwezeden köpsanly ulaglar daşary çykýar ýa-da ondan içeri girýär. Ine, sürüjileriň birnäçesi üsti ýükli awtoulaglaryna atlanyp, Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň aňňat-aňňat gum depeleriniň arasynda ýerleşýän gaz ýataklaryna tarap ýola rowana bolýar.
«Zähmet» suw bekedinde
14.08.20 - 03:19«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň önümçilik düzümleriniň gazçylarynyň tebigy gazy çykarmakda gazanýan üstünliklerinde olara dürli ugurlar boýunça hyzmat ediş ulgamynyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar. Çünki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe önümçiligine kämil tehnologiýalar, döwrebap enjamlar ornaşdyrylýan şol edara-kärhanalaryň zähmet toparlary müdirlik boýunça «mawy ýangyjyň» çykarylmagyna-da, sarp edijilere ugradylmagyna-da öz goşandyny goşýarlar.
Goşmaça «gara altyn» alynýar
14.08.20 - 03:15Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 3-nji aprelinde üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlap sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda bitirilýän işleriň hasabatyny diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän nebitgaz toplumlaryny özleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Gazçylaryň maksada okgunly işleri
26.08.20 - 14:06Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şöhratly senesiniň ýurdumyzda uly dabara bilen belleniljek ýylynyň her bir aýyny zähmet üstünliklerine beslemek, bu taryhy senäni mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak höwesi «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary üçin hem häsiýetlidir.
Gadamlary ýeňşe sary
26.08.20 - 13:55Şanly senelere baý üstümizdäki ýyly zähmet üstünliklerine beslemek, ýurdumyzyň ähli babatda ösüşlerine mynasyp goşant goşmak önümçilik kärhanalarynyň işgärleriniň baş maksadydyr. Ata Watanymyzyň rowaç menzillerine dahylly bolmak üçin her bir iş ornunda zähmet gaýnap joşýar. Iş günlerini zähmet ýeňişlerine besleýänleriň hatarynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ruhubelent we belent maksatlara gulluk edýän dürli kesp-kärli, başarjaň hünärmenleri hem bar.
Möhüm işler tamamlaýjy tapgyrda
14.08.20 - 02:13«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Malaý gaz käninde kuwwatly gaz gysyjy desganyň gurluşygynda tehnologik ulgamlaryň goýberiş-sazlaýyş işlerine girişildi. Munuň özi ýyllyk kuwwatlylygy 30 milliard kubmetre barabar bolan iri senagat desgasynyň işe giriziljek döwrüniň indi onçakly uzakda däldiginden habar berýär.
«Mawy ýangyjyň» höziri
14.08.20 - 02:10«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň şäher, etrap gaz hojalyk edaralarynyň işgärleri tarapyndan meýilleşdirilen işler üstünlikli berjaý edilýär. Bu babatda müdirligiň «Maryşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleri netijeli işleri alyp barýarlar.