15f6047f48d06c.png
Nebitgaz toplumynyň durnukly işi üpjün edildi
15.09.20 - 09:49

«Türkmennebit» döwlet konserni uglewodorod çig malyny çykarmagyň depginini artdyrýar: şu ýylyň sekiz aýynda 2 million 600 müň tonnadan gowrak nebit çykarylyp, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdireniňde 500 müň tonna golaý köp boldy. Daşary ýurt kompaniýalarynyň goşandyny nazara alanyňda, ýer astyndan 6 million 400 müň tonnadan gowrak nebit we gaz kondensaty çykaryldy.


15f6047648e8e6.png
Türkmen nebitçileriniň ynamly gadamlary
15.09.20 - 09:47

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynyň zähmet toparlary şu günler has-da gaýratly zähmet çekip, mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramçylyklaryny täze üstünliklere beslemegi başarýarlar.


15f5729a981c45.png
Gyşa taýýarlyk guramaçylykly dowam edýär
08.09.20 - 11:50

Şu günler ýurdumyzyň gaz hojalyk işgärleri üçin jogapkärli döwür bolan gyş möwsümine taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Diýarymyzyň demirgazyk çäginde ýerleşýän Daşoguz welaýatynyň gazçylary hem howanyň sowuk günlerine ykjam taýýarlyk görýärler. Bu ugurda «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleri tarapyndan durmuşa geçirilýän derwaýys işler gyş döwründe etrabyň ilatynyň we edara-kärhanalarynyň tebigy gaz bilen talabalaýyk üpjün bolmagyny şertlendirer.


15f5728cd78463.png
«Üçajy» — bereket çeşmesi
08.09.20 - 11:46

Hormatly Prezidentimiziň tebigy baýlyklarymyzy dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirmek baradaky ynsanperwer ýörelgesi esasynda bu gün ýurdumyzyň gaz känlerinden çykarylýan tebigy gaz daşary bazarlara-da eksport edilýär. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Üçajy» gaz käniniň hili dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän harytlyk «mawy ýangyjynyň» daşary bazara üznüksiz ugradylýandygy hem aýratyn bellärliklidir.


15f5727f1de79c.png
«Gara altynyň» senagat ähmiýetli bol akymy alyndy
08.09.20 - 11:42

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 27-nji awgustynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» buraw işleri müdirligi tarapyndan gazuw işleri tamamlanan täze 317-nji guýudan çüwdürim esasynda bol nebit akymynyň alynmagy konserniň burawlaýjylarynyň nebitgazly ýataklarda dürli maksatly täze guýulary gazmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberini artdyrmakda döwrebap işleri amala aşyrýandyklaryna güwä geçýär.


15f4e317356053.png
Gözel tebigatyň goragynda
01.09.20 - 16:33

Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şertidir. Türkmenistanda tebigatdan rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak ulgamynda «Tebigaty goramak hakynda» we «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Kanunlaryň kabul edilmegi daşky gurşawa ýetirilýän täsiriň aňry-çäk rugsat edilen şertleri, tebigaty goramak babatda düzgünleri has-da berkidýär.


15f4e30e3a7592.png
Süýji suwly guýularyň sany artýar
01.09.20 - 16:30

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzalary barha golaýlaşýan goşa şanly senä, ýagny ýurt Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň bolsa 25 ýyllyk şöhratly baýramçylyklaryna şu günlerden uludan taýýarlykly barýarlar.


15f4e303a348d5.png
Çagalar — bagtly geljegimiz
01.09.20 - 16:27

Bilimler we talyp ýaşlar güni ýetip geldi. 1-nji sentýabrda kalplary joşgunly mekdep okuwçylary bilim ojaklaryna dolýar. Olaryň arasynda birinji synpa barýan çagalar hem bar. Biziň kärhanamyzyň işgärleriniň perzentleriniň hem 180-den gowragy ilkinji gezek orta mekdepleriň bosagasyndan ätleýär. Biz olar üçin özboluşly sowgat taýýarladyk, olara mekdep goşhaltalaryny hem-de okuw esbaplaryny gowşurdyk. Şeýle işiň indi bizde asylly däbe öwrülendigini aýratyn belläsim gelýär.


15f4e2fd2aa261.png
Belent sepgitlere ynamly gadamlar
01.09.20 - 16:26

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 29 ýyllyk toýuny mynasyp zähmet sowgatly garşylamak üçin şu günler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.


15f4e2f3d68bf8.png
«Ulgamda akym kadaly»
01.09.20 - 16:23

Dispetçer gullugyna ýerlerden gelip gowuşýan hasabatlar şeýle gysgajyk sözler bilen tamamlanýar. Ýöne bu gulaga ýakymly jümlelerde uly many jemlenýär. Ol welaýatyň ilatly ýerleriniň, köpsanly edaralaryň we kärhanalaryň tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün edilýändigine, ulgamyň sazlaşykly işlemeginiň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle jogapkärli işleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň Lebap bölüminiň agzybir işgärleri ussatlarça ýerine ýetirýärler.


15f44a36b99996.png
«Galkynyşyň» bereketli gazy
26.08.20 - 11:28

«Türkmengaz» döwlet konserniniň beýleki önümçilik düzümleri bilen birlikde «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz känindäki tebigy gazy kükürtden arassalaýan baş desgalarynyň hünärmenleridir işgärleri hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan pudagyň öňünde goýulýan maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşmagy maksat edinip, döredijilikli zähmet çekýärler.


15f44a2f098c71.png
Çig nebitiň ugurdaş gazy
26.08.20 - 11:22

Çig nebit — bu, esasan, uglewodorodlaryň köp görnüşli tebigy çylşyrymly suwuk himiki birikmesi (toplumy) hasaplanylýar we onuň düzüminde az mukdarda beýleki organiki birleşmeleriň bardygy hem anyklanandyr. Nebit gymmat bahaly we peýdaly hem-de ýeriň jümmüşinde köplenç gaz görnüşli (tebigy we ugurdaş gazlar) uglewodorodlar bilen bilelikde gabat gelýän ýerasty baýlykdyr.


15f43ae6d8f326.png
Nebitgaz toplumy täze syýasy-hukuk özgertmeleri goldaýar
26.08.20 - 11:22

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen çarşenbe güni, ýagny 19-njy awgustda wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi.


Aýdyň maksatlara tarap
26.08.20 - 11:22

Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň zähmetsöýer burawlaýjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýlaryna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmak ugrunda egin-egne berip, agzybir zähmet çekýärler.


15f43a4665629f.png
Arkalaşykly iş üstünlik getirýär
26.08.20 - 11:22

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň iň iri önümçilik-hojalyk düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserni nebitgazly ýataklarda gözleg-barlag işlerini geçirip we olary işläp taýýarlap, bu binýatlyk ulgamyň ösüşiniň esasy maksatnamalarynyň toplumlaýyn çözgüdini gazanmakda maksada okgunly işleri bitirýär.