15f69955347230.png
TNGIZT sebitiň iri senagat önümçiligidir
22.09.20 - 16:10

Merkezi Aziýanyň hem-de Hazar sebitiniň örän iri senagat kärhanalarynyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) önümçilik mümkinçiligi ýokary derejede peýdalanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gurlup işe girizilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa nebit önümlerini öndürýän desgalaryň onlarçasy gije-gündiz işleýär. Şol desgalaryň biri-de zawodlar toplumynyň 1-nji sehidir.


15f60498040bd8.png
Nebitgaz pudagyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti
15.09.20 - 14:56

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda, durmuşymyzyň häzirki zaman talaplaryna laýyk kämilleşmeginde nebitgaz pudagyna uly orun degişlidir.


15f6049044cd8c.png
Ösüşlere depgin berýän işler
15.09.20 - 14:54

Türkmen topragynyň gymmatly baýlygy bolan tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberini artdyrmak işinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň başarjaň hem-de janypkeş işgärleri tutanýerlilik we maksada okgunlylyk görkezýärler. Olar ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrundaky ählihalk hereketine bir adam ýaly bolup gatnaşyp, üstümizdäki ýylyň şanly senelerini — ýurt Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygyny, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinýärler.


15f6048775fe82.png
Gaz geçirijiniň durky täzelenýär
15.09.20 - 14:52

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary ýene-de bir möhüm buýurmany — Döwletabat — Derýalyk ýokary basyşly gaz geçirijisiniň bir şahasynyň 60 kilometre barabar böleginiň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirýärler. Şu döwre çenli turbalary kebşirlemek bilen baglanyşykly işleriň 60 göterimden gowragy berjaý edildi. Gurluşykçylar bu işler bilen birlikde turbalaryň daşyny arassalamak we ýörite örtük bilen örtmek işlerini hem ýerine ýetirýärler.


15f6047f48d06c.png
Nebitgaz toplumynyň durnukly işi üpjün edildi
15.09.20 - 14:49

«Türkmennebit» döwlet konserni uglewodorod çig malyny çykarmagyň depginini artdyrýar: şu ýylyň sekiz aýynda 2 million 600 müň tonnadan gowrak nebit çykarylyp, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdireniňde 500 müň tonna golaý köp boldy. Daşary ýurt kompaniýalarynyň goşandyny nazara alanyňda, ýer astyndan 6 million 400 müň tonnadan gowrak nebit we gaz kondensaty çykaryldy.


15f6047648e8e6.png
Türkmen nebitçileriniň ynamly gadamlary
15.09.20 - 14:47

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynyň zähmet toparlary şu günler has-da gaýratly zähmet çekip, mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramçylyklaryny täze üstünliklere beslemegi başarýarlar.


15f5729a981c45.png
Gyşa taýýarlyk guramaçylykly dowam edýär
08.09.20 - 16:50

Şu günler ýurdumyzyň gaz hojalyk işgärleri üçin jogapkärli döwür bolan gyş möwsümine taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Diýarymyzyň demirgazyk çäginde ýerleşýän Daşoguz welaýatynyň gazçylary hem howanyň sowuk günlerine ykjam taýýarlyk görýärler. Bu ugurda «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleri tarapyndan durmuşa geçirilýän derwaýys işler gyş döwründe etrabyň ilatynyň we edara-kärhanalarynyň tebigy gaz bilen talabalaýyk üpjün bolmagyny şertlendirer.


15f5728cd78463.png
«Üçajy» — bereket çeşmesi
08.09.20 - 16:46

Hormatly Prezidentimiziň tebigy baýlyklarymyzy dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirmek baradaky ynsanperwer ýörelgesi esasynda bu gün ýurdumyzyň gaz känlerinden çykarylýan tebigy gaz daşary bazarlara-da eksport edilýär. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Üçajy» gaz käniniň hili dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän harytlyk «mawy ýangyjynyň» daşary bazara üznüksiz ugradylýandygy hem aýratyn bellärliklidir.


15f5727f1de79c.png
«Gara altynyň» senagat ähmiýetli bol akymy alyndy
08.09.20 - 16:42

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 27-nji awgustynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» buraw işleri müdirligi tarapyndan gazuw işleri tamamlanan täze 317-nji guýudan çüwdürim esasynda bol nebit akymynyň alynmagy konserniň burawlaýjylarynyň nebitgazly ýataklarda dürli maksatly täze guýulary gazmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberini artdyrmakda döwrebap işleri amala aşyrýandyklaryna güwä geçýär.


15f4e317356053.png
Gözel tebigatyň goragynda
01.09.20 - 21:33

Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şertidir. Türkmenistanda tebigatdan rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak ulgamynda «Tebigaty goramak hakynda» we «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Kanunlaryň kabul edilmegi daşky gurşawa ýetirilýän täsiriň aňry-çäk rugsat edilen şertleri, tebigaty goramak babatda düzgünleri has-da berkidýär.


15f4e30e3a7592.png
Süýji suwly guýularyň sany artýar
01.09.20 - 21:30

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzalary barha golaýlaşýan goşa şanly senä, ýagny ýurt Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň bolsa 25 ýyllyk şöhratly baýramçylyklaryna şu günlerden uludan taýýarlykly barýarlar.


15f4e303a348d5.png
Çagalar — bagtly geljegimiz
01.09.20 - 21:27

Bilimler we talyp ýaşlar güni ýetip geldi. 1-nji sentýabrda kalplary joşgunly mekdep okuwçylary bilim ojaklaryna dolýar. Olaryň arasynda birinji synpa barýan çagalar hem bar. Biziň kärhanamyzyň işgärleriniň perzentleriniň hem 180-den gowragy ilkinji gezek orta mekdepleriň bosagasyndan ätleýär. Biz olar üçin özboluşly sowgat taýýarladyk, olara mekdep goşhaltalaryny hem-de okuw esbaplaryny gowşurdyk. Şeýle işiň indi bizde asylly däbe öwrülendigini aýratyn belläsim gelýär.


15f4e2fd2aa261.png
Belent sepgitlere ynamly gadamlar
01.09.20 - 21:26

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 29 ýyllyk toýuny mynasyp zähmet sowgatly garşylamak üçin şu günler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.


15f4e2f3d68bf8.png
«Ulgamda akym kadaly»
01.09.20 - 21:23

Dispetçer gullugyna ýerlerden gelip gowuşýan hasabatlar şeýle gysgajyk sözler bilen tamamlanýar. Ýöne bu gulaga ýakymly jümlelerde uly many jemlenýär. Ol welaýatyň ilatly ýerleriniň, köpsanly edaralaryň we kärhanalaryň tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün edilýändigine, ulgamyň sazlaşykly işlemeginiň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle jogapkärli işleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň Lebap bölüminiň agzybir işgärleri ussatlarça ýerine ýetirýärler.


15f44a36b99996.png
«Galkynyşyň» bereketli gazy
26.08.20 - 16:28

«Türkmengaz» döwlet konserniniň beýleki önümçilik düzümleri bilen birlikde «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz känindäki tebigy gazy kükürtden arassalaýan baş desgalarynyň hünärmenleridir işgärleri hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan pudagyň öňünde goýulýan maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşmagy maksat edinip, döredijilikli zähmet çekýärler.