15f8e836faecaa.png
Halypa sarpasy
20.10.20 - 16:27

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň ýokary hünär derejeli mugallymy, ylymlaryň kandidaty Jumadurdy BAÝMYRADOW özüniň zähmet ýolunyň kyrk bäş ýylyny hormatly hem arzyly mugallymçylyk kärine bagyşlady. Ol indi on üç ýyl bäri ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamy üçin ýörite orta hünärli hünärmenleri taýýarlaýan şu bilim ojagynda mugallym bolup işläp gelýär.


15f8e829440ff0.png
Nebiti gaýtadan işleýjiler oňat görkezijileri gazanýarlar
20.10.20 - 16:24

Ýetip gelýän şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny mynasyp sowgatlar bilen garşylaýanlaryň hatarynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň agzybir we ruhubelent işgärleri hem bar. Olar şanly baýramyň giňden belleniljek ýylynyň her bir gününi zähmet üstünliklerine besleýärler. Senagat kärhanasy boýunça şu ýylyň geçen dokuz aýynyň maliýe-ykdysady netijeleri hem bu sözlere ynandyryjylykly şaýatlyk edýär.


15f8e8204e27d2.png
Žurnalyň täze sany çap edildi
20.10.20 - 16:21

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly jemgyýetçilik-syýasy we ylmy publisistik žurnalynyň täze sany çap edilip, okyjylara gowuşdy.


15f8e8162b7cb9.png
Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby bilen tanyşdyryldy
20.10.20 - 16:19

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XII jildi halkymyza, aýratyn hem saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine ajaýyp sowgat boldy.


15f8575489857d.png
«Çöllük» önümçilik edarasynda
13.10.20 - 19:37

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» Baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Çöllük» önümçilik edarasynyň gazçylary «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň her bir aýyny zähmet rowaçlyklaryna beslemek bilen, barha golaýlaşýan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk senesini mynasyp zähmet sowgatly garşylamaklygy maksat edinýärler.


15f85746e5851c.png
Zähmet soňy rähnet
13.10.20 - 19:33

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň gaz dolduryjy bekediniň ussasy Rustamjan REJEPOW Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglandy. Biz gürrüňdeşimizi eýe bolan döwlet sylagy bilen gutlap, ondan zähmet ýoly hakynda gürrüň bermegini haýyş etdik.


15f8573fab8525.png
Ylma bagyşlanan ömür
13.10.20 - 19:31

Öz arassa zähmeti, tebigy zehini bilen ylym ummanyna aralaşyp bilen ilkinji türkmen alymlarynyň biri, «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly atlaryň, «Altyn asyr» ordeniniň III derejesiniň, «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallarynyň eýesi, görnükli alym, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda uzak ýyllar ýolbaşçy we baş ylmy işgär bolup işlän Mars AŞYRMÄMMEDOW ýatlanylmaga diýseň mynasyp adam.


15f857363bb38f.png
Täze belentliklere ruhlandyrýar
13.10.20 - 19:29

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 9-njy sentýabrynda Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sag bolan iki sany täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna we hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga berdi. Gazetimiziň Balkan welaýaty boýunça habarçysy gurluşygyna badalga berlen täze desgalar, şonuň ýaly-da,


15f7d81a24aa7e.png
«Daýhanbank» halkyň hyzmatynda
07.10.20 - 18:51

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň halkymyz, döwletimiz üçin edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň bank ulgamynda uly ösüşler gazanylýar.


15f7d80ff05ead.png
Gazhimiýa önümçiligi: polimerler dünýäsinde Polietilen
07.10.20 - 18:49

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan uglewodorod çig mallaryny diňe eksport etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy olary çuňňur gaýtadan işlemäge we dünýä bazarynda ýokary goşulan bahaly bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmeklige ugur aldy. Türkmenistanyň gazy gaýtadan işleýän senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň has geljegi uly ugry polimerleri öndürmek boýunça iri önümçilikleri döretmekdir.


15f7d80477f3df.png
«Şatlyk» önümçilik kärhanasynda
07.10.20 - 18:45

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Döwletabat-Derýalyk Baş gaz geçirijisinden «mawy ýangyjyň» hemişe üznüksiz akdyrylyp, sarp edijilere harytlyk gazyň ugradylmagynda müdirlige degişli «Şatlyk» önümçilik kärhanasynyň zähmet adamlarynyň hem mynasyp paýy bar.


15f7d7f615b6cf.png
Malaý: işleriň tamamlaýjy tapgyry
07.10.20 - 18:42

Tebigy baýlygyň uly gorlaryna eýe bolan Malaý gaz ýatagynda gurulýan gaz gysyjy beketde enjamlaryň goýberiş-sazlaýyş işlerine girişildi. Daşary ýurtly hünärmenler kuwwatly desgada çylşyrymly enjamlary işe goýbermek we sazlamak bilen baglanyşykly işleriň uly toplumyny üstünlikli ýerine ýetirýärler. Şeýle tagallalar şanly baýramyň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberini ep-esli artdyrmaga ýardam berjek täze bekedi ýokary hil derejesinde üstünlikli işe girizmäge mümkinçilik berer.


15f72cc9038321.png
Täze tehnikalar baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy
29.09.20 - 15:56

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öň ýanynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tamponaž müdirligine Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasyndan satyn alyp beren «KAMAZ» kysymly döwrebap, ýokary öndürijilikli ýöriteleşdirilen sementleýji tehnikalaryň täze tapgyrynyň gelip gowuşmagy müdirligiň zähmet adamlarynyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Bu täze tehnikalar kärhanada halkymyzyň döwletli ýörelgeleriniň, gadymy milli däpleriniň esasynda ak un sepilip, üzärlik tütedilip garşy alyndy.


15f72cbe8a49aa.png
Şanly toýa zähmet sowgady
29.09.20 - 15:53

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylanlaryň arasynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň işgärleri hem bar. Olar ýurdumyzda bu şanly senäniň öň ýanynda çuňluk burawlamak baradaky dokuz aýlyk meýilnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler.


15f6995b7afeee.png
Şanly senä sowgatly barýarlar
22.09.20 - 16:12

Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň ruhubelent işgärleri ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi we hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyny saldamly zähmet sowgatlary bilen garşylamagy baş wezipeleri hasaplaýarlar. Önümçilik bölümlerinde şeýle belent maksada abraý bilen ýetmek ugrunda hakyky zähmet gaýnap joşýar. Şonuň netijesinde içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri öndürmekde gowy netijeler gazanylýar.