Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Seula döwlet saparynyň çäginde, 16-njy sentýabrda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy. TDH-nyň habar bermegine görä, bu waka köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm sahypany açýar.
Sammite Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon hem gatnaşdylar.
Duşuşygyň gün tertibi bu formatdaky hyzmatdaşlygy uzak möhletli strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmaga gönükdirilen giň meseleler toplumyny öz içine aldy. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda Ýewraziýa giňişliginde ulag-logistika geçelgeleriniň diwersifikasiýasy, energetika durnuklylygyny üpjün etmek, senagat kооperasiýasyny ösdürmek, ýokary tehnologiýalary alyşmak, şeýle-de ekologiýa ulgamynda bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmek ýaly ugurlar bar.
«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» dialogynda Türkmenistana sebitiň ykdysady we energetika merkezleriniň biri hökmünde, şeýle hem özüni ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanadan ýurt hökmünde aýratyn orun degişlidir.
Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatynyň çäginde bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Şolaryň arasynda Türkmenistan şäher ösüşine we infrastrukturasyna, iň täze talaplara hem-de ýörelgelere laýyk gelýän häzirki zaman şähergurluşyk gurşawyny döretmäge aýratyn üns berýär.
Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti şeýle-de senagaty, oba hojalygyny, ekologiýany, suw meselelerini, saglygy goraýşy, hyzmatlar ulgamyny we syýahatçylygy görkezdi.
Sammite gatnaşyjylar koreý tehnologiýalaryny ulanmak arkaly çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek, ýataklary bilelikde özleşdirmek, senagat kärhanalaryny we ulag geçelgelerini döretmek, sebitiň ýurtlaryna dünýä bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýän logistika ugurlaryny kemala getirmek, emeli aň ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň Seul Jarnamasy kabul edildi.