Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň nebit ministri Jawad Owji bilen geçiren duşuşygynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i anna güni habar berdi.
Duşuşygyň çäklerinde häzirki meseleler we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Eýranyň degişli edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary artdyrmakda özara gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem iki dostlukly ýurduň energetika ulgamyndaky mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň häzirki wagtdaky ýagdaýy hem-de mümkin bolan ugurlary nygtaldy.