Birža söwdalarynda BAE-den we Gazagystandan işewürler polipropilen satyn aldylar

Birža söwdalarynda BAE-den we Gazagystandan işewürler polipropilen satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gazagystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda öndürilen polipropileni, BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki uglerody satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Pakistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň telekeçilerine nah matalar we nah ýüplük, erkek adamlar üçin köýnekler, jins matasy, dikeldilen süýüm, ýüpek çig maly, pagta galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 900 müň dollaryna golaý boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we nebit ýol bitumyny, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 24 million 387 müň manatdan gowrak boldy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993