«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramaklarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Ähli mekan — zamanlaryň çyn hakyky raýaty, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy!» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygyny Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Göwher Gutlyýewa alyp bardy. Täsirli geçen duşuşykda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy Gurbanmyrat Muhammetorazowyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni Mähri Seýtiýewanyň, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Nadežda Şamakowanyň çykyşlary has-da täsirli boldy.
Ol çykyşlarda döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelýän Magtymguly Pyragynyň milletimiziň buýsanjydygy, onuň umman ýaly giň döredijiliginiň halkymyzyň ruhy baýlygydygy, bütin adamzadyň gymmatly hazynasydygy aýratyn bellenilip geçildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, şahyryň eserlerine siňdiren berkarar ýurt gurmak, haýyr-sahawatlylyk, edep-ekram, sylag-hormat, sahylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik baradaky filosofik pikirleri, ynsanperwer garaýyşlary, şahyrana öwüt-ündewleri biziň milletimiziň müdimi ýörelge edinen durmuş mekdebidir.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň bagtyýar zamanada ýaşamagy, okamagy, işlemegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň bagtyýar talyp ýaşlarynyň ajaýyp aýdym-sazlary duşuşygyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Oguldursun KAMAROWA,
Türkmenistanyň Kärdeşlerarkalaşyklarynyň Mary welaýatbirleşmesiniň bölüm müdiri.