Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Gyrgyzystanda bolan hadysa zerarly dostlukly ýurda zerur bolan ýagdaýynda, ähli kömegi bermäge taýýar

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Gyrgyzystanda bolan hadysa zerarly dostlukly ýurda zerur bolan ýagdaýynda, ähli kömegi bermäge taýýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde dostlukly ýurduň Liderine türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Gyrgyzystanda bolan hadysa zerarly dostlukly ýurda ynsanperwerlik ýüküni ugratdy we zerur bolan ýagdaýynda, ähli kömegi bermäge taýýardyr.

Serdar Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, doganlyk ýurda çylşyrymly ýagdaýy ýeňip geçmekde goldaw beriji sözlerini aýtdy we ýylylyk elektrosentralyndaky dikeldiş işleriniň tiz wagtda tamamlanmagyny arzuw etdi.

Prezident Sadyr Žaparow gyrgyz halkynyň adyndan we öz adyndan bu çylşyrymly pursatda duýgudaşlyk sözleri üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi. Gyrgyzystanyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, goňşy döwlete ilkinjileriň hatarynda kömek eden Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara onuň ýurdunda ýokary baha berýärler.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi hem-de berlen goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara düşünişmegiň we açyklygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandygy bellenildi. Ýurtlarymyz netijeli syýasy dialogy ösdürmek bilen, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunda söwda-ykdysady ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Sadyr Žaparow birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Bişkek şäheriniň ýylylyk elektrik stansiýasynyň işinde dörän duýdansyz bökdençlik zerarly, "Türkmengaz" döwlet konserni 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Bişkek şäheriniň ýylylyk elektrik stansiýasynyň işinde dörän duýdansyz bökdençlik zerarly, "Türkmengaz" döwlet konserni 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna iberdi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993