OPEC+-yň önümçiligi artdyrmak kararyndan soň, nebit az-owlak arzanlady
04.06.22 - 16:35Nebitiň dünýä boýunça bahalary anna güni irden az-kem arzanlap, barreliniň bahasy 117 dollardan sähel geçdi. Muňa söwda maglumatlary şaýatlyk edýär diýip, Report azerbaýjan habarlar agentligi habar berýär.
Azerbaýjan Eýranyň üsti bilen türkmen gazyny almaga gyzyklanma bildirýär
04.06.22 - 16:37Eýranyň çäginiň üstünden Azerbaýjana türkmen gazyny ibermek taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti Azerbaýjanyň wise-premýeri Şahin Mustafaýew bilen Eýranyň nebit ministri Jawad Owjini arasynda geçirilen gepleşiklerde bellenildi. Bu barada Azertaj Azerbaýanyň Ministrler Kabinetine salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Mekgede umra hajyny berjaý etdi
03.06.22 - 01:03Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapar bilen bardy. Döwlet Baştutanynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyp, daşary ýurda ilkinji saparynyň yslam dünýäsinde keramatly saýylýan mukaddes ýerlere amala aşyrylýandygy bellärliklidir.
BAE-niň işewürleri ABŞ-nyň 11,2 mln dollarlyk EKO-5 kysymly dizel ýangyjyny satyn aldy
02.06.22 - 16:33Sişenbe güni, 31-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 11,4 million dollaryk we 11,1 million manatlyk 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Niderlandlaryň we Daniýanyň RF-niň gazyndan ýüz öwürmeginden soň, Ýewropada onuň müň kub metriniň bahasy 1000 dollardan geçdi
02.06.22 - 14:09Ýel parklarynyň generasiýasynyň şowsuzlygy, şeýle hem Niderlandlaryň we Daniýanyň rus gazyna töleg geçmeginiň täze düzgüninden ýüz öwürmegi we ony sarp edijilerine ibermegini bes etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy 1000 kub metrine 1000 dollardan geçdi diýip, Interfaks habar berýär.
Merkezi Aziýa we ÝB ýurtlarynyň wekilleri Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmeginiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
02.06.22 - 14:10Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy 31-nji maýda Almaty şäherinde geçirildi. Onuň dowamynda owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen çözülmegi, sebitiň integrasion ösüşine Owganystanyň işjeň gatnaşdyrylmagy, ýurduň ykdysady taýdan dikeldilmegi we onuň çäklerinde dürli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça halkara we sebit tagallalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Birža söwdalarynda ABŞ-nyň 90 mln dollaryndan gowrak walýuta geleşikleri baglaşyldy
01.06.22 - 02:07Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
Ýewropanyň täze çäklendirmeleriniň mümkinliginiň çäginde nebit gymmatlaýar, Brent-iň bahasy 123 dollardan geçdi
01.06.22 - 03:48Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň liderleriniň rus nebitine bölekleýin gadaganlyk girizmek hakynda ylalaşandyklary baradaky habardan soň, sişenbe güni nebitiň bahalary ýokarlanýar diýip, Interfaks habar berýär.
Gaýtadan ulanyşa girizilýän guýular «gara altynyň» goşmaça tonnalaryny berýär
01.06.22 - 14:31Şu günlerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň guýulary düýpli abatlamak boýunça müdirligi iş depginini barha artdyrýar. Muňa öndürijiligini peselden ýa-da asla bes eden guýulary abatlamak we ulanyşa girizmek boýunça şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem şaýatlyk edýär.
Maryda geçirilen halkara maslahatynda TOPH taslamasynyň wekilleri onuň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar
31.05.22 - 15:35Geçen anna güni Maryda Maryda TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň meselelerine we taslamanyň sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine edýän täsirine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi – diýip, ORIENT çäräni gurnaýjylara salgylanyp habar berýär.
Tähranda Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşdy
31.05.22 - 15:36Geçen hepdede Tähranda geçirilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejedäki iş toparynyň dördünji mejlisinde Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän altyjy Hazar sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada şenbe güni Gazagystanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Daşoguz welaýatyny toplumlaýyn ösdürmegiň çäklerinde nebitgaz toplumyna maýa goýumlar göz öňünde tutuldy
27.05.22 - 22:39Penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna toý saparynyň barşynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Hemişelik wekili UNIDO-nyň ýolbaşçysy bilen wodorod energetikasy ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşdy
28.05.22 - 17:20Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky Edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň (UNIDO) täze bellenen Baş direktory Gerd Müller bilen geçirilen duşuşykda bu Gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meselelere garaldy.
Kiberbäsleşigiň ýeňijileri
29.05.22 - 02:05«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda kiberhowpsuzlyk boýunça bäsleşik geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Maliýe we ykdysadyýet ministrligine 1-nji noýabra çenli 2023-nji ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy
27.05.22 - 14:14Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryna Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamalaryny taýýarlamak tabşyryldy.