Habarlar RSS
15f34dc0b2f4aa.jpeg
Türkmenistan we Owganystan ýangyç-energetika toplumynda we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdy
17.08.20 - 16:09

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň Başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen wideokonferensiýa görnüşinde geçiren gepleşiklerinde söwda-ykdysady, energetiki we ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


15f32264ac9701.jpeg
TEBIGY GAZYŇ HÖZIRI
26.08.20 - 16:48

Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin kabul eden Maksatnamasynda täze nebitli, gazly ýataklary ýüze çykarmak, özleşdirmek, uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny artdyrmak, ony gaýtadan işlemek, sarp edijilere ýetirmek boýunça ulgamyň önümçilik düzümleriniň öňünde durýan wezipeler takyk kesgitlenilýär.


15f3281814a49d.jpeg
«Täjibaý» känindäki täze guýudan tebigy gaz akymy alyndy
26.08.20 - 15:59

«Täjibaý» käninden günlük debiti 400 müň kub metrlik tebigy gazyň senagat akymy alyndy.


15f322219108ed.jpeg
NEBIT PUDAGYNDA SANLY TEHNOLOGIÝALARYŇ ORNAŞDYRYLMAGY WE ÖSDÜRILMEGI
26.08.20 - 15:08

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda alnyp barylýar.


15f312303272d5.jpeg
Wengriýa gazy import etmekde Türkmenistany geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar
26.08.20 - 11:34

Wengriýa, esasanam, «Günorta gaz geçelgesi» arkaly tebigy gazyň importy bilen gyzyklanýar we Türkmenistany bu babatda geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar diýip, Trend agentligi Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrligine salgylanyp habar berýär.


15f3154642af20.jpeg
ENERGETIKA DIPLOMATIÝASY — ÝURDUMYZYŇ DAŞARY SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY
26.08.20 - 15:12

Dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmaklygyň ýokary nusgasyny görkezýär. Dünýä syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça hormatly Prezidentimiziň oňyn garaýyşlary we teklipleri sebitleýin hem ählumumy derejede özara gatnaşyklaryň iň amatly gurallarynyň işlenip taýýarlanmagyny şertlendirýär.


15f30fc06bafd5.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
26.08.20 - 11:27

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 61-si hasaba alyndy.


15f2d6515bd5e2.jpeg
ŽURNALYŇ TÄZE SANY NEŞIR EDILDI
26.08.20 - 12:09

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky täze sany çapdan çykyp, öz okyjylaryna gowuşdy.


15f2d19d0e4eb4.jpeg
Güýz-gyş möwsümine taýýarlyk işleri başlandy
26.08.20 - 12:11

Mary welaýatynyň «Ýolötenetrapgaz» gaz hojalyk edarasy guramaçylyk-tehniki işleriň toplumyny ýerine ýetirmäge girişdi. Bu işleriň durmuşa geçirilmegi gaz hojalygyny geljek güýz-gyş möwsümde ygtybarly we howpsuz ulanmaklygy üpjün etmeklige gönükdirilendir.


15f2d177801e1b.jpeg
Abatlaýyş-mehaniki zawodyň önümçilik mümkinçilikleri
26.08.20 - 11:10

«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-mehaniki zawody häzirki wagtda enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny taýýarlamak, abatlamak we dikeltmek boýunça işleriň giň toplumyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän döwrebap desgalar bilen enjamlaşdyrylandyr.


15f2baaced97c5.jpeg
Lebap welaýatynyň gaz torlaryna ýokary hilli we öz wagtynda hyzmat edilýär
26.08.20 - 13:12

«Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň önümçilik işjeňligi sarp edijileri bökdençsiz gaz bilen üpjün etmeklige, welaýatyň gaz geçirijilerine we gaz torlaryna hyzmat etmekden ybaratdyr.


15f298ebac05a7.jpeg
Türkmenistan Gruziýa nebit önümleriniň eksportyny artdyrýar
26.08.20 - 15:28

Türkmenistanyň awiasion kerosininiň Gruziýa eksporty 2020-nji ýylyň başyndan bäri takmynan iki esse ýokarlandy. Şu ýylyň birinji ýarymynda bu ýurda 22.9 müň tonna uçar ýangyjy iberildi, bu bolsa, Gruziýanyň uçar ýangyjynyň umumy importynyň 80 göterimini düzýär.


15f279bc9df5fa.jpeg
10 ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary Hytaýa 316 mlrd kub metr gaz iberdi — Sinhua
26.08.20 - 16:28

2020-nji ýylyň birinji ýarymynda Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 19 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi, diýip Sinhua habarlar agentligi belleýär.


15f279a670cd63.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
26.08.20 - 10:19

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.


15f22d03d566c0.jpeg
Türkmenistanyň BSG synçy hökmünde amala aşyrjak indiki ädimleri barada pikir alşyldy
26.08.20 - 16:21

Onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça nobatdaky duşuşykda türkmen tarapynyň synçy hökmünde amala aşyrjak indiki ädimleri barada pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.