Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
29.11.23 - 20:27Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda ýangyç mazudy daşary ýurt puluna satyn alnan harytlaryň özenini düzdi
28.11.23 - 16:27Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ekologiýa meselesini maslahatlaşdy
28.11.23 - 14:04Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Dubaýda geçiriljek howa meseleleri boýunça “COP-28” maslahatyna taýýarlyk görmek meselelerini maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
COP-28 maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan eder
27.11.23 - 14:1830-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda BAE-de Dubaýda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP-28) Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan eder.
Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisinde nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşylar
27.11.23 - 14:1729-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisinde nebitgaz, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleriara alnyp maslahatlaşylar.
Prezident: «Türkmengaz» DK-nyň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeltmeli
27.11.23 - 14:16Geçen anna güni, 24-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler, başga-da birnäçe meseleler girizildi.
Uzynada käniniň täze guýularyndan gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy
24.11.23 - 16:34«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary ýurdumyzyň şanly wakalaryna — Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygyna we Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe zähmet ýeňişleri bilen barýarlar.
Goturdepe käninde nebitiň çykarylyşy artýar
23.11.23 - 19:56Türkmenistanyň gadymy nebit känleriniň biri bolan Goturdepe käninde şu ýylyň geçen on aýynda «gara altynyň» 895 müň tonnadan gowragy çykaryldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,5 müň tonna artykdyr. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz ulgamynda Malaýziýa bilen üstünlikli hyzmatdaşlygy belledi
23.11.23 - 19:55Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan içerki bazary nebit önümleri bilen doly üpjün edýär we olary daşary ýurtlara iberýär
22.11.23 - 18:12"Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna" laýyklykda, ýurduň içerki bazaryny nebit önümleri bilen üpjün etmek, şeýle hem olary daşary ýurtlara ugratmak üçin öndürilýän nebit we gazhimiýa önümleriniň mukdaryny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kesgitlän esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
«Nebitgazdüýpliabatlaýyş» tresti 430-dan gowrak nebit guýusynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirdi
22.11.23 - 15:06«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň hünärmenleri şu ýylyň geçen döwründe 436 sany nebitgaz guýusyny düýpli abatladylar. Bu meýilnamada göz öňünde tutulandakydan 70 guýy köpdür. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Malaýziýanyň täze ilçisi bilen ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
22.11.23 - 09:45Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Birža söwdalarynda daşary ýurtly we türkmen işewürleri nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn aldylar
21.11.23 - 12:18Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy.
Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekildi
20.11.23 - 16:0317-18-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi energetika we awtoýollaryň gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekmek bilen tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Döwlet Baştutany «Türkmengaz» DK-nyň düzümlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň möhümligini belledi
20.11.23 - 16:00Prezident Serdar Berdimuhamedow 17-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de beýleki käbir meselelere garaldy.