Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy
26.10.23 - 16:20Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Ýakyn ýyllarda dünýä energetikasynda Türkmenistanyň orny has hem artar — bilermenler
26.10.23 - 16:17Ýakyn ýyllarda dünýä energetika ulgamynda Türkmenistanyň orny görnetin pugtalanar. Bu pikir Aşgabatda dowam edýän «Türkmenistanyň nebit we gazy — 2023» (OGT-2023) halkara maslahatynyň umumy mejlisinde bilermenler tarapyndan beýan edildi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» halkara sergisi we maslahaty başlanýar
25.10.23 - 22:16Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» (OGT-2023) atly XXVIII Halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty öz işine başlady
25.10.23 - 22:14Şu gün günüň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty öz işine başlady.
Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanynda nebitgaz, himiýa we ýaşyl energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
25.10.23 - 10:55Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanyna saparynyň dowamynda iki ýurduň arasynda nebit-gaz we himiýa, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
SOCAR — «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara forumynyň premýer hyzmatdaşy
25.10.23 - 09:03SOCAR kompaniýasy 25-27-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT 2023) XXVIII halkara konferensiýasynyň we sergisiniň premýer-hyzmatdaşy hökmünde yglan edildi. Üç günlük çäre, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy şeýle-de iňlis kompaniýasy bolan GaffneyCline-iň goldawy bilen “Türkmen forum” HJ bilen bilelikde gurnalýar.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy energetikany uzak möhletleýin geljekde ÝB bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda belledi
24.10.23 - 17:15Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Lýuksemburgda «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» atly 19-njy ministrleriň duşuşygynda eden çykyşynda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we uzak möhletleýin maksatly özara gatnaşykda ileri tutulýan ugurlary görkezdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz, içerki bazara polipropilen ýerlenildi
24.10.23 - 17:14Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
Aşgabatda nebitgaz forumyna taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar
23.10.23 - 18:53Çarşenbe güni, 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda 46 ýurtdan 700-den gowrak wekiliýetiň gatnaşjak iň uly sebit energetika forumy OGT 2023 öz işine başlar. Gatnaşyjylaryň arasynda halkara kompaniýalarynyň we guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň we ministrlikleriň, banklaryň we dürli gaznalaryň, daşary ýurtly we Türkmenistanyň KHBS-niň 400-den gowrak wekilleri bar.
Prezident OGT-2023 halkara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy
23.10.23 - 18:52Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow şu ýylyň 25 — 27-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023” atly XXVIII halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
CNPC — «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» halkara forumynyň platina hyzmatdaşy
20.10.23 - 19:05«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII Halkara maslahaty we sergisi (OGT 2023), energetika geçişi bilen baglanyşykly soňky wakalary görkezmekde işjeň orny eýeleýär we bilermenleriň pikirlerini aýtmak, hyzmatdaşlygy we ösüş strategiýalaryny berkitmek üçin platformany üpjün edýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaý bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýär
19.10.23 - 19:50Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Hytaý bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigini mälim etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri HHR-iň Başlygy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdy
19.10.23 - 19:51Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekine bolan iş saparynyň jemleýji gününde Halk ýygnaklar öýünde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde Türkmenistanyň energiýa syýasatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny mälim etdi
19.10.23 - 19:45Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň energiýa syýasatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny mälim etdi.