Türkmenistanda ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy dabaraly bellenildi
28.09.22 - 19:57Türkmenistanda ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy baýramçylyk dabaralaryna beslenilip bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
26.09.22 - 22:12Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Dragon Oil» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan bilen ýekşenbe güni geçiren duşuşygynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda nebitgaz känlerini işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Türkmengaz» DK «Трубная металлургичeская компания» kompaniýasyndan önümleri satyn alar
26.09.22 - 22:11«Türkmengaz» döwlet konserni dürli görnüşli turba önümlerini satyn almak barada «Трубная металлургичeская компания» (Russiýa Federasiýasy) jemagat paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşar.
Prezident: Türkmenistanda 2028-nji ýyla çenli 278,9 mlrd manat özleşdirmek meýilleşdirilýär
26.09.22 - 22:102028-nji ýyla çenli Türkmenistanda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryny özleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda belledi. Bu çäreler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutuldy.
«Garaşsyzlyk ýyllarynda gaz senagatynyň ylmy ösüşi»
23.09.22 - 16:09Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň guramagynda institutyň mejlisler zalynda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Daşoguz welaýatynyň gazçylary güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmegi dowam edýärler
23.09.22 - 17:32«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk jemgyýetiniň gazçylary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk toýuna uly zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Şu ýylyň 8 aýynda kärhananyň işgärleri uzynlygy 550 km töweregi bolan dürli basyşly bitewi gaz ulgamynyň durnukly işini üpjün etmegiň hötdesinden geldiler. Şeýle hem 445 sany gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy desgalaryň sazlaşykly işi ýol goýuldy.
Daşary ýurt Liderleri Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar
23.09.22 - 17:34Çarşenbe güni, 22-nji sentýabrda ençeme daşary ýurtlaryň Liderleri Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar we dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardyklaryny nygtadylar.
Türkiýe 2023-nji ýyldan öz tebigy gazyny ulanyp başlar
23.09.22 - 17:332023-nji ýylyň mart aýyndan başlap, Türkiýe öz tebigy gazyny ulanyp başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez beýan etdi diýip, Trend habar berýär.
Pakistanyň Döwlet nebit ministri Türkmenistanyň DIM-inde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
22.09.22 - 17:43Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen duşuşygynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
TNGIZT Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisinda nebithimiýa önümlerini hödürledi
22.09.22 - 17:4420-21-nji sentýabrda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ekspozisiýasy görkezildi.
Türkmenistanda nebit-gaz boýunça XXVII halkara forum geçiriler
22.09.22 - 21:10Şu ýylyň 26-28-nji oktýabrynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022” XXVII halkara forum geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň nebit ministri nebitgaz ulgamynda taslamalary ilerletmegi maslahatlaşdylar
21.09.22 - 16:57Sişenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen geçiren duşuşygynda energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdylar diýip, TDH agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň gazananlary ýurt Garaşsyzlygyna bagyşlanan sergide hödürlendi
21.09.22 - 19:5320-21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine nebitgaz senagatynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
20.09.22 - 20:35Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.