Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar

16:49 10.05.2024 539

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/10800/original-1663dd2f2e69e8.jpg

Kabulda türkmen wekiliýetiniň Owganystanyň dag magdan we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşyk geçirildi.

“TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow we Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow edaranyň ýolbaşçysy bilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişini we onuň bilen bagly dürli meseleleri jikme-jik maslahatlaşdylar diýip, Owganystanyň dag magdan we nebit ministrligi habar berýär.

Delawar türkmen wekiliýetini mähirli garşy almak bilen, Türkmenistany ýakyn goňşy we dostlukly millet hökmünde häsiýetlendirdi. Ol sebitiň döwletleri, şol sanda Türkmenistan bilen syýasy, ykdysady aragatnaşyklary berkitmegiň Owganystanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi.

Delawar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň strategik möhümligini belläp, TOPH taslamasynyň diňe bir Kabul üçin däl, eýsem, taslama gatnaşyjy beýleki üç döwlet üçin hem bähbitlidigini nygtady.

«TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň baş direktory ministrligiň ýolbaşçysy bilen söhbetdeşlikde soňky wagtlarda taslamanyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada jikme-jik durup geçdi, onuň amaly hem tehniki jähtlerine üns berdi we geljekki ädimleri belli etdi diýip, Türkmenistanyň Owganystandaky ilçihanasynda bellediler.

Gepleşikler şeýle hem işiň depginlerini tizleşdirmek barada ylalaşyklara getirdi: taraplar taslamanyň ähli taraplaryny netijeli utgaşdyrmak üçin ýörite iş toparlaryny döretmegi ylalaşdylar.

Şeýle hem TOPH taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň dünýä jemgyýetçiligine Owganystanda maýa goýum goýmagyň we iş orunlaryny döretmegiň hakyky mümkinçililiklerini açyp görkezjekdigi nygtaldy.

Delawar Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna TOPH taslamasyna goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi we ony tiz durmuşa geçirmegiň zerurlygyny nygtap, öz tarapyndan doly goldawy tassyklady.

Başga makalalar
162d50690da17b.jpeg
Güýz-gyş möwsümine taýýarlyk işleri başlandy

«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Baýramalyşähergaz» gaz hojalyk edarasy geljek güýz-gyş möwsüminde gaz hojalygyň ygtybarly we howpsuz ulanylyşyny üpjün etmeklige gönükdirilen guramaçylyk-tehniki çäreleriň toplumyny ýerine ýetirmäge girişdiler.


162d5059d5806b.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmengaz» DK-nyň önümleri Türkmenistanyň biržasynda satyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.


1655c57a0704b0.jpg
Birža söwdalarynda daşary ýurtly we türkmen işewürleri nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy.


160bdc57ab897a.jpeg
Türkmen-owgan geňeşmeleriniň barşynda iri energetika we ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

2021-nji ýylyň 5-6-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Owganystanda iş saparynda bolup, iri energetika we ulag taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça üstünlikli gepleşikleri geçirdiler. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtyn habar berýär.


162d5357254fa9.jpeg
Milli gämiler türkmen nebit önümleriniň ibermelerini artdyrmaga mümkinçilik berdi

Türkmenbaşy şäherinde döwrebap Halkara deňiz porty we milli gämiler türkmen nebit önümleriniň daşary ýurtlara durnukly iberlemerini ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy Agamyrat Haýytmyradow şu gün Aşgabatda açylan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.