Türkmenistanyň Prezidenti suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükläp iberýän desgalaryň kuwwatyny artdyrmagy tabşyrdy
22:18 20.07.2024 3309

19-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Onuň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükläp iberýän desgalarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, zawodlar toplumy tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň netijesinde, dürli görnüşli nebit önümleri bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gaz hem öndürilýär. Ony saklamak hem-de sarp edijilere ýükläp ibermek üçin ýörite terminalyň hyzmatyndan peýdalanylýar.
Bu desgalaryň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň golaýynda ýerleşýän, suwuklandyrylan gazy saklamak we ýükläp ibermek üçin niýetlenen terminaly giňeltmek, onuň kuwwatyny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän desgalary döwrebaplaşdyrmaga, nebit önümlerini saklamaga we ibermäge niýetlenen ulgamlary kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän suwuklandyrylan gazy saklaýan, ýükläp iberýän desgalaryň kuwwatyny artdyrmagyň nebitgaz senagatyny has-da ösdürmekde möhüm bolup durýandygy nygtaldy. Döwlet Baştutany bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlary çekmek boýunça Dubaýda Halkara roud-şou üçin hasaba almaklyk açyldy
«Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou» üçin hasaba almaklyk açyldy diýip, 26-27-nji aprelde Dubaýda geçiriljek çäräniň guramaçylary habar berdiler. Forumy gurnaýjylaryň hatarynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldamagynda «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler.

Ýanwarda Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,2% ösdi
Ýanwar aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Bu barada wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti: ýanwarda 2 mlrd manatdan gowrak maýa goýum serişdeleri özleşdirildi
Ýanwarda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna Türkmenistan boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 9,1 göterim artykdyr diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Hökümet mejlisinde aýtdy.

BP-niň Hazar sebitindäki meýilnamalary türkmen gazynyň Ýewropa eksportynyň geljegini berkider
Ýakynda BP kompaniýasy Hazar sebitinde hereket edýän nebit we gaz känlerinde geljek işläp taýýarlamalary babatda iki sany metbugat beýanyny çap etdi. Turkmen Forum kompaniýasynyň bilermenleriniň pikirine grä, bu meýilnamalar Türkmenistandan Ýewropa tarap tebigy gazyň eksportyny guramak üçin mümkinçilikleri berkider.