Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýäniň energetika ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar

15:58 01.08.2024 4756

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/11531/original-166ab56e97ba15.jpg

31-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika ulgamyna aýratyn üns berildi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biridigini we Türkiýe bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen gazynyň doganlyk Türkiýe Respublikasyna, soňra Ýewropa ýurtlaryna iberilmegi möhüm meseleleriň biri bolup durýar.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy dowam edýär. Onuň işe girizilmegi türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda ady agzalan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutany türk tarapynyň tekliplerine garamaga hem-de netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy durmuşa geçirýär. Ýakynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda BAE-niň, Koreýa Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şol duşuşyklarda gaz eksport ugurlaryny giňeltmek, täze känlere maýa goýumlar we innowasion taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministriniň 30-31-nji iýulda Türkmenistana sapary hem şeýle gepleşikleriň dowamydyr.

Başga makalalar
1664858ff9cefe.jpg
Hökümet mejlisinde nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreler maslahatlaşyldy

17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.


16246cedc8fec9.jpeg
Halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi Owganystan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmekde aýratyn orna eýedir

Owganystan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bu ýurduň gatnaşmagynda halkara infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi aýratyn orna eýedir. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow HHR-niň Tunsi şäherinde Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Ministrler derejesindäki üçünji maslahatynda eden çykyşynda belledi.


16246996437bc6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmegi dowam etmegi tabşyrdy

Geçen penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli wajyp meselelere we milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


162469b6cc30be.jpeg
«Şatlyk» kärhanasynyň hünärmenleri magistral gaz geçirijisiniň durnukly işini üpjün edýärler

Döwletabat-Derýalyk magistral gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşen «Şatlyk» önümçilik kärhanasy «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň öňdebaryjy önümçilik kärhanalarynyň biri bolup durýar. Bu ýerde 300-den gowrak hünärmen zähmet çekip, olar sarp edijilere tebigy gazyň berlişiniň tehniki gözegçiligini we basyşyny gözegçilikde saklaýarlar.


1664851f23b5bd.jpg
Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny ýurdumyzda 18-nji maýda bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlady.