Geljek hepdede Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy – TIF 2024 geçiriler. Onda milli ykdysadyýeti ösdürmegiň strategiýasy, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek meseleleri maslahatlaşylar. Forum giň gerimli bolar, çünki oňa 500-den gowrak wekil gatnaşar, şol sanda düzlet düzüminiň, hususy ulgamyň, halkara guramalarynyň we daşary ýurt maýadarlarynyň wekilleri gatnaşar.
TIF 2024-iň maksatnamasyna köp sanly mowzuklaýyn mejlisler, panelleýin diskussiýalar we prezentasiýalar girýär. Olar sanly özgertmelerden başlap, durnukly ösüşe we infrastruktura taslamalaryna çenli mowzuklaryň giň toplumyny alýar.
Forumyň esasy temalarynyň hatarynda – energetika we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri. Bu ýerde Türkmenistanyň energetika ulgamyny ösdürmegiň geljegi, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşemeleri ulgamynyň taslamalary maslahatlaşylar.
Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylar ulag infrastrukturalaryna, şol sanda täze ýollaryň we portlaryň gurluşygyna, şeýle hem logistika gatnaşyklaryny gowulandyrmak meselelerine üns bererler.
Oba hojalygy we azyk howpsuzlygy bölüminde oba hojalygyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaklyga we azyk howpsuzlygyny üpjün etmeklige ähmiýet berler.
Maliýe hyzmatlaryna we bank ulgamyna aýratyn bölümçe bagyşlanar. Maliýa toplumyny özgertmeklige, daşary ýurt banklaryny çekmeklige we maýa goýum klimatyny gowulandyrmaklyga aýratyn üns berler.
Köp sanly wekilleriň hem-de bilermenleriň gatnaşmagy Türkmenistanyň dünýä boýunça hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyk etmäge açyklygyny görkezýär.
Maksatnamanyň çäreleri we çykyş edýänleriň sanawy bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz: tif-turkmenistan.com