Türkmenistanyň DIM-nde ýurdumyzyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti boýunça ýörite wekili Isikawa Masakiniň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar yzygiderli ýokary derejedäki syýasy dialoga esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler. Şunuň bilen baglylykda sebitleýin we halkara düzümleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ileri tutulýan ugurlara garaldy. «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň ähmiýeti nygtaldy diýlip, habarda aýdylýar.
Diplomatlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa amala aşyran saparyna ünsi çekip, parlamentara gatnaşyklaryň netijeliligini bellediler.
Gaz himiýasy we ulag pudagynda, şol sanda iki ýurduň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynda oňyn tejribe bellenildi.
Golaýda Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçiriljek EXPO 2025 Bütindünýä sergisine taýýarlyk meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.